Gyrgyzystanyň «Dordoý» futbol toparynyň baş tälimçisi Aleksandr Krestinin AFK-nyň kubogy ― 2021-iň toparçalaýyn ýaryşlar barada pikirlerini beýan etdi. Bişkek şäheriniň topary yklym ýaryşynyň «E» toparçasynda ýaryşar. «Dordoýyň» topardaşlary Täjigistanyň «Rawşany» bilen Türkmenistanyň «Ahaly» bolar.

― Häzirki wagtda garşydaşlarymyzyň düzümi barada düşünjämiz ýok. Olarda nähili üýtgeşmeler bolup geçdi we ýaryş başlanýança, olaryň taýýarlygy nähili bolar, bilmedik. Ýöne ýeňip bolmajak topar, esasy zat, işleri meýilleşdirmeli.

Duşuşyklar toparlaryň hiç biri üçin aňsat geçmez. AFK-nyň kubogy ― halkara ýaryş. Ähli toparlar gysga wagtyň içinde taýýarlanmaly bolar. Umuman, ýaryş çylşyrymly bolar. Toparçanyň ýeňijisi garşydaş toparçanyň ýeňijisi bilen duşuşar. Diýmek, Merkezi zolakdaky ähli garşydaşlarymyzyň güýji gyzyklandyrýar. Ýöne bu barada pikir etmekden heniz ir. Şonuň üçin häzirki wagtda ilkinji duşuşyklaryň taýýarlygyna üns bermeli. Hemme zat öz elimizde.
Baş tälimçiniň sözleri toparyň resmi saýtynda getirilýär.

AFK-nyň kubogy ― 2021-iň toparçaýyn tapgyrynyň duşuşyklary şu ýylyň 14 ― 20-nji maýy aralygynda geçiriler. Toparçalaryň ýeňijileri 11-nji we 25-nji awgustda öýde-myhmançylykda görnüşinde geçiriljek saýlama duşuşyklarynda güýç synanyşar.

Sport, BeZZaT. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir