Togsan dürli tagam bolsa gaşynda,
Ne lezzet, içinde duz hem bolmasa;
Näbiler sen ne iş bardyr başynda,
Müşgil işdir, başda
göz hem bolmasa...

Aýak bar ýörmäge, el bar almaga,
Kany bende, saglyk şükrün kylmaga,
Gulak bardyr eşitgenin bilmäge,
Kim düzeder, dilde
söz hem bolmasa?

Ýok ýerden jan berip ýetirdi nany,
Göwün bostanyda bitger imany,
Adyň bende bolsa, eýäňi tany,
Gelip saňa
ýüzbe-ýüz hem bolmasa.

Kysmatyn hak bilen
ryzkyn yzlamaz,
Söz bilenler bilen sözün gizlemez,
Köňül joşa gelmez,
dil hem sözlemez,
Her ýürekde yşkdan
göz hem bolmasa.

Ýyl-ýyldan pezihat artar eýýama,
Hakyň özi getirmese enjama,
Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa.

Ýum gözüňi, gysyp gezgin dişiňni,
Ýaza ýetseň unutmagyn gyşyňny,
Töwekgel et, taňra tabşyr işiňni,
Sabyr bilen biter, tiz hem bolmasa.

Magtymguly, hyýal düşüp özüme,
Köp tomaşa gelip geçer gözüme,
Eşidenler aýp etmesin sözüme,
Iller kimin sözüm uz hem bolmasa.

Edebiýat, Söhbet Abdullaýew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir