ZEHINI KEMSIZ 
TAPLANAN HALYPADY
Indi elli bäş ýyl bäri türkmen metbugatynda 
işläp gelýänligim uçin uly halypa şahyrymyz 
Kerim Gurbannepesow bilen tanyşlygymy-
zyň, soňra içgin gatnaşyklarymyzyň geçen 
asyryň 60-njy ýyllarynyň ahyrlaryna degişlidi-
gini nygtamak isleýärin. 1964-nji ýylyň tom-
sunda Magtymguly adyndaky (şol mahalky 
M. Gorkiý adyndaky) Türkmen döwlet uniwersi-
tetini tamamlanymyzda 5 ýyllap bileje okan ýol-
daşlarym: Gurbannazar Ezizowy şol mahalky 
çagalar gazeti bolan «Mydam taýýara», soňra 
atly ýazyjy bolup ýetişen Hojanepes Meläýewi 
Türkmen radiosyna, meni şol mahalky «Sowet 
Türkmenistanynyň aýallary» (şindiki «Zenan 
kalby») žurnalyna işe ýolladylar. Gurbannazar 
ikimiziň iş ýerimiz bir howlynyň içindedi. 
Paýtagtymyzyň şol mahalky Karl Marks 
(häzirki Galkynyş) köçesinde ýerleşýän uly 
howluda gazet, žurnal redaksiýalarynyň ençe-
mesi ýerleşýärdi. Her gun irden bu howluda işleýän uly halypalar Beki Seýtäkow, 
Pomma Nurberdiýew, Çary Aşyrow, Kerim Gurbannepesow, Mämmet Seýidow, 
Ýylgaý Durdyýew... ýaly ençeme ýazyjy-şahyrlar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyň,arakesme mahaly olaryň özara söhbetlerini, degişmelerini diňlemegiň aýratyn 
lezzeti bardy. 
Kerim halypa ýaş ýazyjy-şahyrlar bilen söhbetdeş bolmagy gowy görýärdi. 
1968-nji ýylda meni şol wagtky «Ýaş kommunist» gazetiniň baş redaktorynyň 
orunbasarlygyna bellediler. Redaksiýamyz häzirki Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrundaky 
Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynyň günbatar tarapyndaky gür baglygyň 
ýerindedi. Kerim halypanyň ýaşaýan şol wagtky Karpinsk köçesi redaksiýamyzyň 
golaýjagyndady. Ol biziň ýanymyza gelip, redaksiýalar, dost-ýarlary bilen jaňlaşyp 
giderdi. 1972-nji ýylda meni gazetiň baş redaktory wezipesine bellediler. Şondan 
soň uly halypa bilen gatnaşyklarymyz hasam ýygjamlaşdy. Onuň gazetimizde çap 
edilýän poemalara, goşgular toplumlaryna, hekaýalara berýän bahalary, umuman, 
metbugat baradaky gyzykly söhbetleri biziň üçin uly mekdep bolupdy. 
Kerim halypa ähli babatda hoşgylaw, kanagatly, ynsaply, terbiýeli adamdy. 
Ol biziň işimizde, durmuşymyzda, döredijiligimizde goýberýän säwliklerimizem 
gaty sypaýylyk bilen aýtmagy ussatlarça başarardy. Bu babatda bolup geçen 
ençeme wakalary mysal getirip biljek. Halypa bilen bolup geçen söhbetdeşli-
gimiziň birini ýatlaýyn: o mahallar paýtagtymyz doly telefonlaşdyrylmandy. Atly 
şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy adyna eýe bolanam bolsa, halypanyň öýüne 
telefon çekilmändi. Şol döwurde-de Kerim halypany Türkmenistanyň Ýokary 
Sowetine (şu mahalky Türkmenistanyň Mejlisine) deputat saýladylar. Soňra ol 
deputatlyga ýene-de bassyr 2 gezek saýlandy. 
Günleriň birinde ol meniň ýanyma gelende, Ýokary Sowetiň Iş dolandyryjysy-
na jaň edip, golaýda ekiz çaga dogran bir zenanyň jaýyny giňeltmäge kömek 
etmegiň zerurdygyny aýtdy. 
Soňra çaý içişip otyrkak men: 
— Kerim aga, ýaňky jaň eden adamyňa öýüňize telefon çekilmäninem aý-
daýynlygyňyzda, bu iş onuň bir jaňyna bitýär-ä, siz indi Ýokary Sowetiň deputaty 
ahyryn! — diýdim. 
Kerim aga başyny ahmyrly ýaýkap, çalaja gülümsiredi-de, şeýle diýdi:
— Beh, seň ýalyny deputat saýlaýsalar, edäýjegiň-ow! Ýeri, men şeýden 
bolup, urşa gatnaşan bir gojanyň ýa-da ýaňky köp çaga dogran zenanyňky ýaly 
bir enäniň telefon çekdirmek nobatyny alaýan bolsam näme?! Beýtmegiň uly 
gunädigini sen näme bileňokmy?!
Men Kerim agadan ötünç soradym hem-de uly halypalaryň ýanynda juda 
oýlanyşykly gürlemelidigine düşündim. 
Kerim aga şol döwürlerde gün-günden adygyp ugran Gurbannazar Ezizowyň 
iri poemalaryna gazetimiziň ençeme sahypasyny, Atamyrat Atabaýewiň, No-
batguly Rejebowyň täze goşgularyna tutuş sahypany bagyşlap bilýändigimize 
begenýärdi. Halypa şahyrymyzyň «Ýürek poemasy», «Ýaşlyk dramasynyň» täze-
den işlenen görnüşi hem ýörite söhbetdeşlik bilen ýaşlar gazetinde çap edilipdi. 
Bir gezek Kerim halypa redaksiýamyza gelende, rubagyçy şahyr Amandurdy 
Annadurdyýewiň «Täze rubagylarynyň» gazetiň 4-nji sahypasyny tutuşlygyna 
eýeländigini görüp, olary okyjylaryň höwes bilen okajakdygyny aýtdy. 
Amandurdynyň: 
Her gelen bahary ýazdyr öýüdýär,
Her bir uçan guşy gazdyr öýüdýär.
Bir gün depesinden birje hoz gaçdy,
Indi ähli agaç hozdur öýüdýär— diýen rubagysyny hasam halandygyny aýtdy. Soňam meniň ýüzüme 
dikanlap seredip durşuna:
— Siz gazetiňizde tutuş sahypalap diňe ýaşlaryň goşgularyny çap edýäňizmi 
ýa-da biz ýaly garry, emma göwünjikleri juda ýaş şahyrlaryňkynam çap etjek-
misiňiz?! — diýip degişdi. 
Men halypa şahyrlarymyzyň hödürlän eserlerini nobatsyz çap edýändigimizi 
aýtdym. Ertesi güni halypa «Ýaşlyk dramasy» poemasynyň täzeden işlenilen 
nusgasyny redaksiýamyza getirdi. Poemanyň ençeme setirleri hasam çeper-
leşdirilipdir. 
Hepdäniň duşenbe güni redaksiýa getirilen poemanyň täzeden işlenilen 
görnüşi gazetiň şenbe günündäki sanynda dolulygyna çap edildi. 
Ençeme duşuşyklarda, özara söhbetdeşliklerde Kerim agadan: «Şol gelin 
häzir barmy?» diýip soraýardylar. Şonda ol «Garraýarys» atly goşgusyndaky: 
Garrap barýas aşyk Kerim...
Şaglap barýar aý-günler
Otuz ýyllyk yzda galdy, şol toraňňy, ýylgynlar.
Şondan bäri mahal-mahal duşuşykda, ýygnakda,
Goşgularyň okan wagtyň ilkinji söýgiň hakda —
Demiňden ot sowrulýar, tütün çykýar depderden.
«Şol gyz häzir barmy?» diýip, sorag ýagýar köp ýerden,
«Bar» diýip hem bileňok, «ýok» diýip hem bileňok.
Çünki ol bar bolanda-da indi seniň üçin ýok
— diýen setirleri aýdyp bererdi. 
Kerim aganyň aradan çykan ýylynyň — 1988-nji ýylyň bahary ýagyşly-ýag-
myrly geldi. Men şol mahallar häzirki «Türkmenistan» (şol mahalky «Sowet 
Türkmenistany») gazetinde baş redaktoryň orunbasary bolup işleýärdim. Bir 
gün baş redaktorymyz Kakabaý Ylýasow ýylyň ikinji ýarymy üçin gazetimize 
abuna ýazylmagy guramak maksady bilen ýekşenbe güni Kaka etrap merkezi-
niň Medeniýet öýünde okyjylar bilen duşuşyk geçirmegi ýolbaşçylar bilen gep-
leşendigini, eger ýarawlygy gowy bolsa, şol duşuşyga Kerim halypany hem 
alyp gidäýsek, has gowy gezelenjem boljakdygyny aýtdy. Hakykatdan-da şol 
gunler halypa az-kem ýarawsyzrakdy. Men Kerim agalara jaň etdim. Kakadan 
gaýdyşyn Köpetdagyň baýyrlyklaryndaky gülälekli ýerlere gezelenç etmegiň 
gowy boljakdygynam aýtdym. Halypa: «Saglygym ertir irdenem häzirkim ýaly 
gowy bolsa, men siziň bilen duşuşyga hökman giderin» diýdi. 
Ertesi ir säherde ýola düşdük. Daş-töwerek gijeki ýagşyň täsiri bilen gül 
öwüsýärdi. Öň hatarda, sürüjiniň gapdalynda oturan Kerim şahyr daş-töweregi 
synlap doýup bilenokdy. Kaka baranymyzda Medeniýet öýüniň öňüne üýşen 
mähelläniň şeýle köpdügi bizi haýran galdyrdy. Medeniýet öýüniň äpişgeleriniň 
öňlerem toplanyşyp duran toý lybasly gelin-gyzlardan doludy. Olar topar tutup 
duruşlaryna Kerim halypa bilen baş atyp salamlaşýardylar. Kerim halypa bu 
ýakymly duşuşyga gaty begendi. Zala girenimizde gürrüldili el çarpyşmalar 
uzak wagtlap ýaňlandy. 
Kakabaý duşuşygyň maksadyny yglan edende öň hatarda duranlardan bir 
zenan maşgala: «Biz gazete abuna hökman ýazylarys. Ýöne Kerim aga bize 
köpräk goşgy okap bersin» diýip, batly ses bilen aýtdy. Öň hatarda duran Kerim 
aga: «Geregiňiz goşgy bolsun» diýip ýylgyrdy. 
Duşuşykda Kakabaý Ylýasow gysgajyk söz sözledi. Ol sözüni tamamlanbadyna gürrüldili el çapyşmalar täzeden ýaňlandy. Yzdaky oturanlar hem ör 
turup, el çarpyşyp duruşlaryna: «Kerim aga, Kerim aga» diýşip gygyryşýar-
dylar. 
Ýygnagy alyp baryja Kerim aga söz bermekden başga çäre galmady. Goşgu-
lar okaldykça el çarpyşmalar batlanyp ugrady. Şol barmana-da äpişgäniň öňüne 
üýşen gelinler: «Şahyr aga, «Ýaşlyk dramasyny» okaýyň!» diýşip gygyryşdylar. 
Kerim halypa az-kem dymyp durdy. Birdenem uludan demini alyp okap 
başlady:
Gaňňalyň oýunda Tejende galdy...
Göwnüme bolmasa, halypanyň poemany okanyndaky sesi öňki duşuşyklarda 
okaýşyndan gamgynrak ýaňlanýan ýalydy. Men bu ýagdaýa halypanyň az-kem 
ýarawsyzlygynyň täsiridir diýip düşündim. Tutuş zal bir gulaga öwrülip şahyry 
diňleýärdi. Poemanyň soňky setirlerini okaýarka halypanyň sesi azajyk peseldi. 
Bir tapmadyk zadym öňki ýerinden
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň
— setirlerini okan mahaly onuň sesi çalarak sandyradam.
Okaýyş tamamlanan badyna: «Sag boluň, Kerim aga!» diýen batly sesler 
esli wagtlap ýaňlandy. 
Duşuşyk tamamlanandan soň çaý içişlik boldy. Şahyr şol ýerde-de keýpsiz-
räk oturdy. Gysga wagtlyk çaý içişlik tamamlanandan soňam uly märekäniň 
dargamandygy, köpleriň Kerim halypa bilen hoşlaşmak üçin garaşandygy bizi 
haýran galdyrdy. 
Aşgabada golaý gelip, gül-gülälekli baýyrlary synlap başlanymyzda Kerim 
aganyň keýpi açyldy. Ol bu duşuşykdan gaty hoşaldygyny aýtdy. Bu meniň 
Kerim halypanyň goşgy okaýşyny iň soňky gezek diňleýşim boldy.
Soňky ýyllarda Kerim halypa hakdaky gazet-žurnallarda çap edilen ýatlama-
larymy men täzeden çapa taýýarlap, «Kalbymda galan keşpler» atly kitabyma 
girizdim. 
Kerim halypa «Garagum» (öňki «Sowet edebiýaty») žurnalynyň, «Edebiýat 
we sungat» gazetiniň baş redaktory hökmünde edebiýatymyza täze gelen zehinli 
ýaşlara uly goldaw berýärdi. Ol gür bagly, salkyn saýaly howlusynda ýaşlar bilen 
şygyr okaşmagy, galamdaşlary bilen çaý başynda degşip-gülüşmegi diýseň 
gowy görýärdi.
Adatça, her bir şahyryň döreden eserleri onuň ýaşan döwrüniň sesi hasap 
edilýär. Kerim halypa şygryýetimize giň sýužetli poemalar toplumyny — «Taýmaz 
baba», «Ata we ogul», «Gumdan tapylan ýürek», «Ajy günler, süýji günler», 
«Parahatlyk ilçisi», «Aýal bagşy», «Ynsan bilen ynsap»... ýaly okyjylar tarapyn-
dan uly gyzyklanma bilen okalan poemalary getirdi. 
Uly halypa adam duýgularyny çeper beýan etmegiň ussadydy. Şu günüň 
okyjylary şahyryň «Ýaşlyk dramasy», «Goja», «Biziň işimiz», «Ömrüme pent», 
«Ýalňyşlyk»... ýaly uly göwrümli goşgularyny okanlarynda şolardaky duýgulary 
haýsy haçandyr birwagtlar özleriniňem başdan geçirendiklerini aňarlar. Ha-
lypanyň goşgulary adam duýgularyny dürli çeperçilik serişdeleri arkaly beýan 
etmegiň belent nusgalarydyr.
Kerim halypa sözüň doly manysynda watançy şahyrdy. Onuň türkmen topra-
gy, Garagum sährasy, türkmen bahary, güýzi hakdaky goşgulary belent hörpde 
ýazylandyr. Halypanyň «Türkmeniň», «Ýaýlahlary bar», «Ýeňiş», «Toprak», 
«Adamyň kasamy» ýaly ençeme goşgulary onuň ata Watanymyza bolan belentsöýgüsiniň ýaňydyr. Bu goşgular başga hiç bir şahyryňka asla çalaja-da meň-
zemeýänligi bilen haýran galdyrýar: 
Senden medet alyp, saňa seredip,
Teniňden reňk alyp, öňe ýöredik,
Dogrusy, aslynda döränmizde-de
Ýyldyzdan gaçmadyk, senden döredik.
Öz teninden bägül ýasýan topragym,
Seniň arkaň gije-gündiz derläp dur.
Edebiýatymyzyň taryhyna ser salanymyzda, ýazyjy-şahyrlarymyzyň ede-
biýat meýdanyna tapgyrlaýyn gelýändigini görýäris. Nurmuhammet Andalyp-
dan, Döwletmämmet Azadydan soň pikirlerini sap türkmen dilinde, täze edebi 
formalarda beýan etmegi başaran Magtymguly, Mollanepes, Kemine, Seýdi, 
Zelili, Mätäji... ýaly şahyrlarymyzyň edebiýatymyza gelmegi şygryýetimizi 
täze belentlige çykardy. Mätäjiden Gara Seýitliyewe çenli şygryýetimiziň 
beýan ediş formalary şol öňküligini saklady. Geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň 
başlarynda Rehmet Seýidow, Gara Seýitliýew, Kerim Gurbannepesow, Berdi-
nazar Hudaýnazarow, Mämmet Seýidow, Allaberdi Haýydow, Nury Baýramow, 
soňra şolaryň yzýany bilen edebiýat meýdanyna gelen Annaberdi Agabaýew, 
Baýram Jütdiýew, Gurbannazar Ezizow, Gözel Şagulyýewa, Italmaz Nuryýew, 
Gowşut Şamyýew dagynyň şygryýetimize gelmegi edebi hojalygymyzy täze 
edebi formalar arkaly baýlaşdyrdy. Bu uly halypalar şu günlerimiziň meşhur 
şahyrlary Ahmet Gurbannepesow, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow, 
Gurbanýaz Daşgynow, Sona Ýazowa dagynyň şygryýetde kämilleşmegine 
täsir etdiler. 
Kerim aga edebiýatymyzyň şygryýet žanryna pikir çuňlugyny, pikiriňi beýan 
etmegiň erkinligini, käteler kinaýa bilen aýtmagyň täze nusgalaryny getirdi. Bu 
hadysa halypa şahyrymyzyň «Taýmaz baba» poemasy, «Biziň işimiz», «Döwür 
beýle däldir», «Açyş», «Ýalňyzlyk», «GSM»... ýaly ençeme goşgulary mysal 
bolup biler.
Kerim halypanyň liriki hem-de edebi gahrymanlarynyň dilinde-de, häsiýet-
lerinde-de halkylyk, milli ruh ýokary derejede saklanýar. Ol bu babatda özünden 
soňkulara mynasyp görelde bolup galdy.
 Häzirki ajaýyp zamanamyzda — hormatly Prezidentimiziň merdana 
halkymyza bagyşlan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokarda ady 
agzalan halypa şahyrlarymyz bilen bir hatarda ençeme zehinli ýaşlarymyzyň 
Berkarar döwrümizi, ajaýyp ýeňişlerimizi şirin dilde wasp edip ýörendikleri diý-
seň guwançlydyr. 
Hudaýberdi DIWANGULYÝEW, 
Türkmenistanyň halk ýazyjysy 
"GARAGUM" ž
Pegas 4 years ago- Kerim aganyň:
 
            
"17-dir doglan ýyly Türkmeniň"
- diýip, 1917-nji, ýagny, oktýabr rewolýusiýasynyň bolan ýylyndan öňki Türkmeniň taryhyny hasabam etmeýän goşgusyny nädip watançylyk goşgusy hasaplap bolýanyna jogap tapmaýan diňe menmikäm...