Bu gezegem köpçülik bilen awtobusa münüp dogduk obama sary gezelenje çykdym.Awtobusyñ oturgyçlary gelin-gyzlardan,her hili ýaşdaky erkek kişilerden doludy.Duralgada saklanan ulaga ýetmişiñ onundan giren bir zenan mündi.Ol münenden töweregimde oturan gyzlara seredip gobsunyp başladym.Emma,gyzlar ýerinden gozganarly däldi. Men özümden uly ýaşly zenana ýer berip,dik durup barşyma göwni bir ýaly bolup oturan gyzlara seredip oýlanyp başladym.:"Göräýmäge aý ýaly,bir eýjejik gyzlar.Bu gyzlañ gözelligi ýaly edep-terbiýesi hem bolaýsady käšgä.Ulagda kyrk,elli,altmyş,ýaşlaryndaky adamlar dik durup barýarka bular nädip oturyp bilýãrkä..."
Şol barmana ulag duralgada saklandy.Bir ýaş ýigit sürüjä pul deregne bir kagyz görkezdi.Kagyz "Maýyplyk haty" bolmaly.Sürüji uly goh edip gygyrmaga başlady:"Bu hatyñ ýany bilen pasportyñy görkez.Bolmasa men bu hatyñ kimiñkidigne ynanmaýaryn."Maýyplyk haty"-ny görkezen ýaş ýigidem ondan kem galarly däldi.Ol sürüji bilen deñ sanaşyp ulagdan düşdi.Men bu ýigide ýiti nazar bilen seredip galdym."Maýyplyk haty"-ny görkezip dursa entirekläp barýan maýyp ýigdi görjekdim.Emma,ol otuz ýaşlaryndaky men diýen jahyldy.Onuñ gözünde-ýüzünde,synasynda,göze görnüp duran hiç hili kemçilik ýokdy.Sürüjiniñ gepine gep urşuna seretseñ onuñ akylynda-da kemçilik bara meñzemeýärdi.Belki, onuñ "Maýyplyk haty"-ny almagyna içki synasyndaky kemçilikler sebäp bolandyr.Ýöne,oñ ýan ýodadan ýöräp barşy-da juda sagdyndy. Ýörände dabanyndan ot çykýardy...
Ýene-de oýlanyp başladym.Özüme ýürekdäki kemçilik sebäpli"Maýyplyk hatyny"almagy teklip edenlerinde ör-gökden gelşimi ýatladym.Hassalygy boýnuma alman Allañ eradasy bilen doly diýen ýaly sagalyp gidenime begendim.Emma,bir manatlyk ýol tölegi üçin sürüji bilen geýnüwli ýaş ýigidiñ arasyndaky gürrüñler meni juda gynandyrdy.Bir manat üçin,ençe adamyñ öñünde bir-birine aýdan paýyş sözleri üçin, bularyñ erkeklik mertebesi juda pese gaçypdy.
Ençeme gussaly oýlanmalary arkama ýükläp şäher merkezinde ulagdan düşdüm.Men ýene-de etrap merkezine gitýän ulaga mündüm.Bu ulagda garşymda oturan görmegeý gelin,onuñ göz monjugy ýaljak gyzjagazy we ogly meni öñki münen ulagymdaky gören zatlarymdan az-kem daşlaşdyryp başlady.Sebäbi görmegeý gelniñ balajyklarnyñ başyny sypap oturşy juda ajaýyp görnüşdi.Bulary synlap guwanyp oturşyma görmegeý gelne jañ geldi.Guwanç bilen synlap oturan gelnimiñ telefonyñ añyrsyndaky kişi bilen etýän gürrüñi meni serpmeden gaýdan ýaly etdi.Gulagymyñ eşidýän zatlaryna ynanasym gelmedi.Emma,bu hakykatdy.Bulañ gürrüñi "Oýnaş"gürrüñidi.Gelin añyrdaka ýaranjañlyk edip bihaýalyk bilen gülýãrdi.Meñ bolsa bu gelniñ many bilmez çagajyklaryna seredip kalbym aglaýardy.
Edep-ekram,utanç-haýa,namys-ar.
Siz nirede,kalbym sizi küýseýär.
Çesme kitapcy.com
Edep-ekram,utanç-haýa,namys-ar...
-
АKiF
3 years ago
- Awtory: Gyzylgül ANNAGYLYJOWA (Gumlygelin)
-
soho
3 years ago
- Gowy yazyar shu gelneje, dostluk.ru-da tanyshmak miyesser edipdi...
-
Generalll l
3 years ago
- @AKiF turkmen yokarda biri yamanlyk etdi diylip yazylgymy ya? Onsonam hemme bilya awtoryn kimligini bu yerde akyllysumak gerekdal ishin bilen bol l! Gownine yarasa oka yogsada õtä geç!
-
АKiF
3 years ago
- Göçüreńde bir dogry göçir
АKiF 3 years ago- Awtoryny hem ýazmaly ekeniñ.
Gyzylgül gelnejeden näme ýamanlyk gördüñ.