Gözi haýalrak görýän, şowakörräk, garryja aýal hassahanaň skameýkasynda dynç alyp otyr. Munuň gapdalyna bolsa, bir erkek adam gelip sesini cykarman oturýar. Şol wagtam bulaň ýanyna ýene bir natanyş aýal gelip oturýar. Edil şo wagtam erkek adam bilen aýal adamyň ikisiniňem el telefonyna jaň edýärler. Ikisem bir wagtda telefony göterip, bir-birlerine ünsem bermän gürleşip ugraýarlar. Bulaň gürrüňine ikicäk gürrüňdir öýdüp düşünen garryja aýal bolsa, olara gulagyny gerip gürrüňlerini diňläp ugraýar:
Adam:
-Ohow, saglykmy keýwany, öý-içeriler abatmy?!
Aýal:
-Oňat, oňat bizem! Gyýw buşluk, ogul agtyjagmyz boldy!
Adam:
-Tüweleme, höwri köp bolsun, haçan göleledi?
Aýal:
-Ýaňja bir sagat boldy! Menem şu wagt ýanyndan gaýdyşym. Sag-amanja ýeňledi, soňam ýerine ýerleşdirdik!
Adam:
-Hä, bir sagat boldy diýsene. Aýagna daýanýarmy, enesi emdirýärmi özi?
Aýal:
-Hawa şu wagt ýanynda enesiniň. Özem sagdynja, owadanja, akja babejik!
Adam:
-Bolýarla! Derrew süýdünem sagyňda, salym geçmänkä owuzynam goňşulara paýlaweriň!
Aýal:
-Wiy, gyýw, ýogsada ogluň ýaňy jaň etdi. Hol keselläp ýatan goýnumyz bara, ana şol ýatakda haram öläýipdirda. Bizem başagaýlyk bilen goýna ünsem bermändiris...
Adam:
-Beh, ona eşitmändirin, yzy ýarasyn. Haçan ugradýalarka?
Aýal:
-Aý, ogluň özüm äkidip gömerin diýdi.
Adam:
-Bu günä menem ýetişmerin öýdýän, ertir aýat okadyp gaýdarynda. Näme, awariýa boldy diýdiňmi?
Aýal:
-Haram öldi diýdimä, gynanyp oturma oň üçin. Bolmanda keselli bolsa etem derde ýaraýan däldirle..
Adam:
-Haý bolmandyrow, neresse ýaňy kyrkam ýaşamandy..
Aýal:
-Bor onda, menä ýöredim. Gelniň ýanna ýene baryp habar tutaýyn, gerek zady barmyka soraýyn.
Adam:
-Bolyar, saglygyn onda, menem ýörejek. Aýagyna daýanan bolsa derrew emdireweriň. Ýatakdan çykarmaň ýöne, bu wagt howa sowugrakdyram!..
Nämäň nämedigne düşünip bilmedik garryja aýal bolsa, geň galyp ýakasyny tutýar:
-Toba, toba! Ölmän ýörseň her hili zat eşitjek...
Hassahana-da #talypçy
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Bilemok. Ýöne men ertir.com-daky @samser atly agzanyň ýazgysyny paýlaşdym.
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Eger halan bolsaňyz (+) bilen goldap kuwwatlamagyňyzy soraýaryn. Halamasaňyz (-)
-
Arzuwum
3 years ago
- ++++
Arzuwum 3 years ago- şu mowzuk şul saýtda öňem bardymyka diýýän