Aglama diýme!

Aglasam agym ýetmejek,
Derdim bar, aglama diýme!
Em edäý, ömür bitmejek,
Ýaram bar, aglama diýme!

Ýüregimiň yşyk tary,
Haýal-ýagal mydar bary,
Sessiz çekip çydar ýaly,
Merdiň ýok, aglama diýme!

Kalby päk, göwni çagajyk,
Aglamak maňa nämejik,
Şu gün ses edip aglajak,
Şertim täk, aglama diýme!

Ogulnur Ataýewa

Edebiýat, Men_ve_Sen tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir