Gyssaglydym.
Egnimdäki täze geýimlerimi hem çykarman, naharhana girdim. Dört ýaşlyja gyzjagazym bolsa, telewizordaky saza goşlup çyny bilen tans edýärdi. Ýygnaga gija galýanym üçin men oňa üns hem bermändirin. Emma içimden bir ses maňa “Dur” diýýän ýalydy. Men içimdäki şol sese gulak asyp, bir salym durdum. Gyzymy synladym. Onuň elinden tutup, men hem onuň bilen tans edip ugradym. Biziň bu tansymyza ýedi ýaşly gyzym hem goşuldy. Biz üç bolup naharymyzy ýatdan çykaryp heziller edip tans oýnadyk. Gülüşdik, dönüp-dönüp tans etdik... Meger bizim bu gohumyza goňşular hem birahat bolandyr? Biziň tansymyz hem tamam boldy. Men gyzlarymyň başyny sypap, ýaňaklaryndan öpdüm-de, olary hammama ýolladym. Ýygnak ýadyma düşensoň, galam-kagyzlarymy ýygnaşdyrmaga başladym. Şol wagtam kiçi gyzym uýasyna ýüzlendi:
- Iň gowy eje biziň ejemiz gerek, şeýle dälmi? Meniň süňňüm elenip gitdi. Durmuşyň hiç haçan gutarmajak işlerine aldanyp, tas şeýle bagtly pursady sypdyran ekenim. Şu wagta çenli işimde gazanan üstünliklerim hem şu sözleriň ornuny tutup biljek däldi.
Anonim
Paýlaşan - Perhat Sabirovv
6.01.2021ý 11:34
Beyaz gölge 3 years ago- +++