Düyşümde bir gyzyñ daşyna üýşüp
Döwre gurap otyr birtopar jahyl,
Olaryñ deñ ýarsy gadymky aşyk
Deñýarysy bolsa klassyk şahyr.

Ortada bürenip oturan gyzyñ
Kimligiñi hakynda turupdy jedel
Menem bir gyrada diñledim durdum
Diñlemekden entek göremok hezil

Ilki bolup mejnun diýdi soz alyp
“Bilmedim ne boldy gelmedi Leýli
Bir seretsem Leýli bu ýerde otyr
Gitse-hä äkitjek,gitmese meýli"

Ondan soñra Tahyr turup ýerinden
Diydi:,,Geciñ eger bolsa günähim
Ýogsa-da şu bürenip oturan gözel
Ýa Zöhre bolmaly bolmasa Mahym"

Aşyklaryñ geñ enaýy jedeli
Tamam bolup gelinmäka netijä
Seýdi şahyr syçrap turdy ýerinden
Diýdi:,,Bu gyz meñzeş biziñ Hatyja"

Ortada bürenip oturan gyzyñ
Onýançada ýel oýnady gulpagyn
Bu görnuşe gözi duşen bir şahyr
Böküp turdy göge zyñyp telpegin

Gollaryn salgylap diýdi: A how jemagat
Bu gyzyň zülpleri ýandyrdy zülpi
Garyp diýip bizi kesirjek bolmañ
Gyz biziňki garyp Keminäniñki"

Ondan soñra Mollanepes:,,Bu gyza
Bu janymny bereý diýmekçi dostlar
Bu gyz perde bilen sözleşyýän gyza
Aç ýüzüñni göreý diýmekçi dostlar"

Ondan soñ Pyragy güñleç ses bilen
,,Serediñ oturşyndan bellidir
Bu gyz gözümize han bolup görnen
Ýalñyşmasam gökleñ gyzy Meñlidir"

Soñra gyzyñ özi acdy yüzüni
Asyl o gyz sen ekeniñ ezizim
Soñra men oýandym agşamky jedel
Gulagymda yañlanyp dur henizem.

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir