Hasapsyz günäm bar, sansyz ýalñyšym,
Adamlañ öñünde müýnüm bar meniñ.
Bu gün gursagyma dowul salmyšam,
Kalba azar berýän düýnüm bar meniñ.

Bir görü:p kiši deý, hergiz gargaýan,
Geçmishimde galan etmišlerime,
Men olary šatlygyma garmaýan,
Gülle bolup degýä ýetmiš ýerime.

Gyýa bakyp geljegimiñ gözleri,
Köpden bäri dikip otyr tiñkesin.
Jeza bermegiñem bardyr öz ýeri,
Çekmek agyr ýüz sowmalañ iñ pesin.

Tañry ýalkan sagdyn bašym bir köpük,
Il-gün gepim etse barmak çommaldyp.
Soñ ýašañda näme? Mydam dür döküp,
Arzysyz bor il añyna sygmadyk.

Näme zatka yhlasymy kem eden?
Kän günäni duýup durkam oñladym.
Süýdi halal käbä des-deñ enemden,
Neçün bolmalsy deý kämil dogmadym?

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir