Biz bir ýere jemlenmedik hiç haçan,
Emma welin köp duşupdy pikirler.
Duýgularmyz tapyp birek-biregi,
Ylham derýasynda mejlis ederler.

Biz hiç wagt duşuşmadyk bir ýerde,
Ýöne welin maksadymyz bir biziñ.
Ýazanymyz kalba ýakyn şygyrlar,
Ýazmadygmyz ýüregmizde syr biziñ.

***

Dostlar, neçün ýat bolduñyz dünýame,
Ýa-da özüm sizden daşlaşaýdymmy?
Ýa-da pikirlermiz biz duýman durkak,
Her tarapa dagap, hoşlaşaydymy?

Durmuş ýodasynyñ bir çatrygynda,
Duşarys biz, bir sacaga jem bolup,
Dostlugyñ uzakdan bolmagyn dilap,
Hasratlaşyp, dertlermize em bolup.
Ýatlarys biz bir-bir öten-geçeni,
Duýgularmyz, pikirlermiz paýlashyp,
Belki bir gün didarlashar dideler,
Şygyrlar okarys, bile çaýlashyp.

Biziñ ýollarymyz gabatlaşmandy,
Emma tanş bizin pikirlerimiz.
Käte duýgularmyz gabatlaşanda,
Söýgini taryplar setirlerimiz.

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir