Söýýän güýz paslyny, Sarylygyny.
Göwnüme hoş ýakýar onuň pes päli. Ölüm bilen ömrüň aralygyny
Ölçemeli ýaprak şahada häli.

Ýöne, ine,
Sowuk şemal öwüser,
Şonda birden şahasyndan täner ol.
Ol howada böker, oýnar, towusar,
Kepderi deý gökde agyp-döner ol.🍁

Edil gara ýere ýetdim-ýetdimde,
Birden ýene galar gider asmana.
Garagol çaga deý durmaz hetdinde
Ajalyň öňünde gelmez amana.🍁

Ajalyny almaýan dek boýnuna
Ol keçjallyk bilen oýn eder ýeser.
Geňler galyp onuň täsin oýnuna
Gyşam birazajyk yzyna teser. 🍂

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir