Söýgi - bu bütinleý başga ölçeg. Ony hyýaly söýgi bilen gatyşdyrmak ýalñyşlyk bolar. Hakyky söýgi has berk bolýar. Haçan-da, iki adam bir-birini söýende, biri beýlekisinde öz ýüzüni görýär. Olar bir-birlerine kömek berip, biri beýlekisini häli-şindi goldap durýar. Hasratda hem, şatlykda hem, bagtly günlerinde hem, gaýgyly günlerinde hem, olar birlikde - bitewilikde bolýarlar. Eger, güllän wagtyñ seniñ bilen bolup, güllemedik wagtyñ seniñ bilen bolmajak bolsa, onda bu hili söýgüden geçse bolar. Bu söýgi däl, bu beýlekiñi hormatlamazlyk bolar. Söýüşýänler bir-birleriniñ duýgularyny güýçlendirýärler.
Söýgi - bu dialektika. Ýekelikde sen ösüp bilmersiñ!
Söýgi - bu pida bermek. Sen köp zatlary gurban etmeli bolarsyñ: öz egoñy, men-menligiñi, hususy durmuşyñy, gizlin syrlaryñy we beýleki köp zatlaryñy.
Magtymguly:

"Ýüke werdiş bir boz eşek
Bolaýyn diýseñ, öýlengin!"

diýip ýönelige aýdandyr öýdemok. Eger, sen hyýalbent söýgi bilen söýýän bolsañ, onda pida bermek gerek däl. Emma pida bermek ýok bolsa, ösüş hem bolmaýar. Söýgi seni dolulygyñ bilen çalşyrýar. Söýgi - bu täzeden dogulmak. Sen hiç haçan öñki adam bolup galyp bilmersiñ. Sen o:tdan geçýäñ, päklenýäñ. Munuñ üçin mertlik gerek.
Nirede gabanjañlyk bar bolsa, söýgi ýokdur. Gabanjañlyk söýginiñ bölegi däl, gabanjañlyk eýe bolmagyñ bölegi. Eýe bolmagyñ söýgi bilen hiç hili umumylygy ýokdur. Sen eýe bolmak isleýäñ, eýe bolmak arkaly sen özüñi güýçli duýýañ. Señ öriñ giñeýär. Eger, sen söýýän bolsañ, gabanma! Onuñ üçin zerurlyk ýok.
Söýgi bar! Eger, ol ýok bolaýanda-da, oýlap tapanyña degýän zat!

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir