Maşynym bardy awalon
Satdyrdy gymmat galyñ
Hasap ýok näçe sowulan..
Sowdyrdy gymmat galyñ

Sany ýokdyr algydaryñ
Berenok bergidarym..
Görme ýok señ didaryñ
Ýetdirmez gymmat galyñ..

Kakam satdy daçany..
Ejem satdy keçäni..
Ýekeje öküzçäni ..
Soýdurdy gymmat galyñ

Ejesi diýdi bäş gyzyl..
Goýunlar ondan düzül..
Wah bergini kim üzer..
Ütdürdi gymmat galyñ..

Mebel bolsun Istikbal..
Ne düşek ne ýassyk bar.
Gelseñ haalyñ niçik bor
Diýdirdi gymmat galyñ

Gyzlar jübä zor salmañ
Bileniñizden galmañ..
Oñaýarys sizi alman..
Bagt däldir gymmat galyñ..

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir