Nira gitse baryp aynanyn onunde timarlap ozuni, darap sacyny, atyr sepip bezenerdi gara boyabam ala gozuni. Yany bile mydamada gormeksizje jorasy, gormeksizje bolany uçin jorasy öz gozelligi hasda göze ilginc bolar öydup pikir edyardi. Hakykatdan-da şeyledi. Yolda ençe yiğit söz gatardy gyzlara, tanyş-biliş gabat gelse durardylar biraz gurleşip. Gyza ence yakymly soz aydyp kop yiğit gormeksizje gyza birje Salam berılmezdi kate ol hem yokdy. Yygyryp eginlerin utanyp durardy hatda birje berilen salama. Ol bolsa jak-jaklap gulerdi jorasynyn yuzi gyzaran halyna. Bir gun gitdi dushushyga, yanynda-da yene shol gormeksiz jorasy. Yiğit gyz bilen önden yorap gitdiler, ayratynja içgin gürrün etdiler. Yigidin dosdy bilen gormeksizje jorasy yzda galyp bile yorap gaydanda iki metr beylede yorap gaytdy utanyp oglanyn yuzune seredip-de bilenokdy. Gunler geçip durdy aylanyp, yiğit ulagly yolda gabat gelse gyzy alyp gaydardy. Gormeksizje jorasy:"Bolyar" diyip gaydardy yeke ozi. Sheyle günlerin birinde yolda yiğit yene gabat geldi gyz jorasyna sag bol diyip ulaga munende oglan onun un dalde gormeksizje jorasy un gelenini aydyp dushdi-de onun adyny tutup gygyrdy. Gyz sagindi, hiç zat diymande dessine yene yoredi. Gyz daliran yaly bolup urshup gaytdy. Yzyndan idar oytdi, emma ne bir jan geldi ne-de sms ya-da tanyshlardan yekeje salam. Gormeksizje jorasyna gahar edip yordi, ol bolsa sesini cykarman gezdi Oglanada yuz bermedi. Jorasynyn urshmagyna ozini sebaplap hasda oglandan gacyardy. Emma oglan natdi? Gyzyn ene atasyn razy etdi, toy etdi, aldy. Sadalygyn, utanjanlygyn, caga dunyasin beter soyupdi gyzyn. Gyz beyle bolar diyip pikirem edenokdy. Secekli yaglygy gelin bashynda ona beter owadan gelshipdi. Goya diyersin heniz acylmadyk bir gunca. Ol gunca oz bagbanyna dushupdy. Ir acylan jorasy bolsa ir hem soldy....

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir