Garry bir ýaşuly pensiýa çykyar we özine mekdebiň ýanynda kiçiräk öý satyn alyar. Ilki günler wagtyny oňat geçiryar ýöne soňra okuw başlansoň okuwdan çykan çagalar ýoldan her geçenlerinde ýoldaky musur bedreleri depişdirip ala-galmagal edip ýaşula maza bermeýärler. Bu dynywsyz gohlar günlerçe dowam edyar we ýaşuly öziçe munyň çaresini gözläp başlayar. Ertesi gün çagalar gohlap ýoldan geçip baryarka olaryň öňinden çykyp olary saklap:
- “Siz yaman eyjejik çagalar, gowja-da keyp edyaňiz. Menem siziň ýaşyňyzdakam edil siz yaly goh çykarmakdan keyp alardym, maňa ýaşlygymy ýatlatýaňyz. Eger her gün bärden geçseňiz we goh etseňiz size günlik 5 manat berjek” diyen. Bu teklip çagalara-da ýarayar we goh etmäge dowam edyarler. Bir-ki gün soňra ýaşuly çagalaň öňinden çykyp:
- “Çagalar, bu günler pullaryň hümmeti gaçyp ugrady, indiden beyläk men size 1 manat berip biljek” diýýar. Çagalar kän göwnemeseler-de ylalaşmaly bolupdyrlar. Aradan ýene birnäçe gün geçensoň ýaşuly çagalary ýene saklap olara:
- ”Diňlaň, entek men aýlygymy almadym şoň üçin men size 500 köpik berip biljek, bolýamy?”
Soň çagalaryň biri:
- “Bu bolup bilmez, Günde 500 köpük üçin bu işi etjegimizi pikir etýan bolsaňyz ýalňyşýarsyňyz, biz bu işi taşlaýas” diýip çagalar bu ýerden ökjesini göteripdirler.
Alnan çeşme - ertir.com/samser
Paýlaşan - Perhat Sabirovv
1.01.2021ý 21:25
Bu mowzuga hem at tapmadym!
-
Sha_gyzy
3 years ago
- hmm full
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- 👍👍
-
A93
3 years ago
- Ine, talypar hem ertir ýaly bolaýsa diýdirýän mowzuklar.
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Nesip bolsa ertir.com ýaly ederis elden geldigiçe:-)
muratik 3 years ago- Yasuly bet eken