Aburrahman bin Awf (radyýallahu anh) gürrüň berýär:
Bedir söweşiniň gyzgalaňly wagtydy. Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) bir gysym gum alyp, duşmanyň ýüzüne sowrup: “Ýüzleri gara bolsun!” diýen mahaly kelle alnyp, kelle berilýärdi.
Şol wagtlar heniz murty tabamadyk iki ýigdekçe ýanyma geldi. Bular Bedir söweşine taýýarlyk görülýärkä, boýumyzy kelte görüp, söweşden alyp galaýmasyn diýip, daraklygyna basyp ýöreýän iki ýetginjek sahabady. On bäş-on alty ýaşlaryndaky bu ýetginjekleriň aýtjak zatlary bardy, emma olar muny aýtmagyň ebeteýini tapmaýan ýalydylar. Olaryň biri sag tarapymdan geldi-de, şeýle diýdi:
Agamjan, maňa Ebu Jehli görkezsene!
Näme etjek ony? – diýip soradym. Ol merdana ýigdekçe şu jogaby berdi:
Mekge Mükerremede biri Resuly-Ekreme azar ýamanyny berýämiş diýip eşitdim. Men bu gün oňa öz hetdine bildirjek. Allah Resulynyň şol duşmanyny gören ýerimde öldürjek diýip, Allaha söz beripdim. Şu wagta çenli imanyň we onuň nurunyň öňüne perde bolup, şugla saçmagyna päsgel berýän bu din duşmanyny,walla, gören badyma öldürjekdigime kasam edipdim.
Beýleki ýigdekçe-de aýtjak zadyny ýoldaşyndan gizleýärdi. Olam çep gulagyma pyşyrdap:
Agam! Maňa Ebu Jehli görkezip bilermiň? – diýip sorady. Oňa-da şol soragy berdim, meňzeş jogabam aldym.
Şol wagt birden Ebu Jehle gözüm düşdi. Barmagym bilen ony görkezdim. Heniz elimi ýatyryp ýetişmänkäm, olar ýyldyrym bolup Ebu Jehle tarap süýndüler. Gysga wagtyň içinde depesinden gylyç inderip, ony ýere serdiler. Olaryň biri agyr ýara alypdy. Hawa, ýaş edermen ýigit ýaralanypdy, emma küpüriňöňbaşylaryndan bolan we Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) «Bu ümmetiň Firagunydyr» diýip at beren iň uly duşmanynyň hem ömür tanapy üzülipdi. Ol edermen ýetginjek golunyaldyrypdy. Emmaonuň kalby welin şatlykdan dolupdy. Sebäbi onuň ruhy Pygamberebolan söýgä ýugrulypdy. Hezreti Muhammede (sallallahu aleýhi we sellem) bolan söýgi,onuň damarda akýan ganyna öwrülipdi.
Bu edermenler: Medineden Awf ibni Haris we Muawwiz ibni Haris atly iki dogandy. Olar Uhud söweşinde ogullary, ýan ýoldaşy hem-de jigisi şehit bolanynda, baryp Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) donunyň syýynyogşap: “Ýa, Resulallah, Sen sag bolsaň bolany, galan bela-betere döz gelse bolar” diýen Sümeýranyň (radyýallahu anha) ogullarydy. Elbetde, şeýle mert enäniň ogullaram gaýduwsyz goç ýigit bolmaly-da.
Mert Enäniň gaýduwsyz ogullary: Awf we Muawwiz
-
Barbary
3 years ago
- Allah musulman ummatyndan razy bolsun gowy we peýdaly mowzuk.
Perhat Sabirovv 3 years ago- ++++++