Ir bilen oýanýañ. Öýüñ ýerbe-ýer. Keýpiñ kök, janyñ sag, Hudaýa shükür,
Goñshyñdan bir dertliñ nalasy gelýär.
Shonda näme hakda edersiñ pikir?!
Öýüñdäki ajap sapa hakdamy?
Ýa shol dertlä gerek shypa hakdamy?

Ynha bir edara. Bashlygy - dostuñ. Ikiñiz içerde "kikirde-kikir". Gapyda kyrk adam garashyp otyr. Shonda näme hakda edersiñ pikir?!
Dostlukdaky täsin gudrat hakdamy?
Ýa-da ishikdäki nobat hakdamy?

Saklandy gapyñda kerpiçli mashyn.
Mashynyñ shafýory-bir ogry mekir.
"Ýarpy bahasyna al shuny!" diýýär.
Shonda näme hakda edersiñ pikir?!Jübiñe bähbitli arzan hakdamy?
Ýa kellä bähbitli wyjdan hakdamy?

Ynha et dükany. Satyjy goñshyñ. Saýlap-seçip saña bir budy çeker. Yzyñdaka bolsa - gaty oñurga. Shonda näme hakda edersiñ pikir?!
Özüñe edilen hezzet hakdamy?
Ýa ili çürkeýän ülpet hakdamy?

Barýar köçe bilen maýyp weteran. Diñe maýybam däl, bir gözem sokur.
Sen bolsa 'Wolgaly' dazlap barýarsyñ.
Shonda näme hakda edersiñ pikir?!
Öz ornuñ, öz parhyñ, 'Wolgañ' hakdamy?
Ýa 'Wolga' ýetiren pälwan hakdamy

Edebiýat, Beyaz gölge tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir