Özi ýok bolsa-da stol başynda,
Bu toý – Sahy diýen ägirdiň toýy.
Bu toý – müň nygmatly saçak başynda
Ýygnanan ýüzlerçe şägirdiň toýy.
Ýok, bu toý, diňe bir şägirtleriň däl,
Talant diýen zady söýýänleň toýy.
«Aramyzda ýok bolsa-da Sahymyz,
Ýaşap ýör, ýaşaram!» diýýänleň toýy.
Bu toý – gelseler-de gelin toýuna,
«Sahyň toýy!» diýip gelenleň toýy.
Sahyň özüne-de, owazyna-da
Aşyk gaýtarmalaň, gelinleň toýy.
Heniz gitmänkäňem ýeriň ýüzünden,
Gideniňden soňam ýeriň ýüzünden,
Olary özüňe aşyk edäýmek –
Soň berilýän zat däl,
Diňe ezelden.
Bu öýe gelenler (garrymy, ýaşmy) –
Bary uçdantutma zehinlidirler.
Bu gapydan ätlän zehinsizlerem
Öýlerne gidende zehinli gider.
Sebäbi bu ojak – ýöne ojak däl,
Gudratdan çüflenen mukaddes ojak.
Bu gün ynha şol ojagyň başynda
Biri-birisine intizar gujak –
Aýna bilen Rahymyň gujagy
Ýaz güli dek, maý güli dek açyljak.
Toýuň gutly bolsun, eý Soltan inim,
Toýuň, gutly bolsun, Bibeje-hanym.
Eý Bibeje, bu gün ýaş görünýäň sen –
Bolsaň-da ak saçly köneje hanym.
Toýuň gutly bolsun, eý beýik ussat,
Toýuň gutly bolsun, eý Sahy dogan!
Seň toýuň saglygna göterýäs şuny,
Seň öýüň saglygna göterýäs şuny,
Oýan, bir pursatlyk ukudan oýan!
Daýan, bir pursatlyk tirsegňe daýan!
Guwan, toýňa guwan,
Dostlarňa guwan
Kerim Gurbannepesow - Oýlanma baýry atly kitabyndan!
Sahy Jepbarow barada...
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- 😕😕😕😕
yashalym 3 years ago- :-)))))