"Biz gitdik, sen galdyň, Lebap, hoş imdi!"
Seýitnazar Seýdi


Saňa ýürek sözlerimi diýeýin:
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!
Bäş ýyl geçip gitdi bäş sagat deýin,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!

Köýteniňden şypa tapdyk — kän gezdik,
Ýazlap ýaýlalaňda, derýaňda ýüzdük,
Bilýän, nije myhman alansyň biz dek,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!

Sende dostlar tapdyk, gazandyk gardaş,
Ogullaryň — dogan, gyzlaryň — syrdaş,
Ýigrim ýedi däl-de, hemmämiz — bir baş,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!

Ýok, bu goşgy hasrat däl, gaýgy däl,
Bu — söýgimiz!
Bu — adaty söýgi däl,
Sende doly ynsanlaşdyk, öwgi däl,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!

Ýagşu-ýaman ýatlamalaň pursady
Entek kän-kän bezär durar gursagy.
Wah, elde bolsady, wagtam dursady...
Nätjek-dä...
Gitmeli...
Lebap, hoş indi!


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir