Daşky gurşawyn adama gaty tasir edyanini hemme kişi bilyandir. Emma şol hemme kişin hemmesinin bilmeyan, belkem bilmek islemeyan bir zady bar, ol bolsa daşky gurşawyn olaryn özlerine yetiren tasiri. Çagalykdan bari bizin yetişen, yaşan gurşawymyzyn bize gaty uly tasiri bar. bir manyda ol zatlar bizi biz eden zatlar. Hasiyetimize, pikir yöredişimize, duygularymyza, olaryn kabirinin yiti bolup kabirinin bolsa kör bolmagyna, netijede durmuşymyzyn her adiminde beryan kararlarymyza, umuman bizin özümize beryan şekilimize, genetiki tarapdan geçen ukyplarymyz bilen bile in uly tasire eye. Adamda ego diyen zat bar. adam egosy bilen özüni gorayar, özüne eye çykyar. Özündaki zatlara “menki” diyar. Emma “menki” diyyan köp zatlarynyn ona daşky gurşawyn kiçilikden eden tasiri sebapli öz elinde bolman alan zatlarydygyny pikir etmeyar. Köp adam şol zatlary soraga çekenok, şolara dogrydyr öydyar, hiçkimin şolara goşulmagyna yol bermeyar. “men şeyle adam” diyyar, “öz durmuşym” diyyar. Beyleki adamlaryn onun eden yalnyş diyip boljak hereketlerine-de garşy çykmagyna gaharlanyar we “özüm bilyan” diyip daş-töweregine galyn diwar guryar we şol diwaryn anyrsynda egosy bilen yalnyz galmagy kabul edyar. emma dogrydanam yalnyş iş edyan bolup biler, yalnyş adam bolup biler. Kiçilikden öwrenen, haraktere öwrülen kabir zatlaryn hakykatdanam yalnyş bolup biler. emma welin adamlar “herkimin öz dogrusy bar, herkim öz dogrusy bilen yaşawersin” diyyar. Umuman aydanda üytgemekden gaçyar. Şuny bilmek gerek. üytgemek adamyn tebigatynda bar zat. Has dogrusy üytgemek ukyby bar onda, üytgemek bolsa adamyn öz erkine galan zat. Adam hernaçe söyse-de, kiçilikden eye bolanam bolsa yalnyş zatlary taşlap, gowy zatlary almakdan gorkmaly dal. “Yalnyş name? Dogry name?” diylip biler. yalnyş bilen dogryny adamyn wyjdany ona görkezyar eger ol onun sesini dinlese. Yöne objective bolsun diyip “belli yalnyş ya dogry zat yok” diyip bileris. Emma bu her adama özüninki dogry diymegem dal. Tersine her adam özüninkini yalnyş, kem bolup biler diyip has dogryn gözleginde göreşmegi gerek. üytgemek dine wagtlayynça pikrini üytgetmek dal, ol bütin durkun bilen özüni üytgetmek. Üytgemek gerek hemme adama. Sebabi hiçbir kultura kemçiliksiz dal, onda hiçbir kulturada yetişen adamam özünin her işini in dogry iş hökmünde görmeli dal. Beyleki adamlaryn, beyleki kulturalaryn, pikirlerin we dünyagarayyşlaryn hem dogry bolup biljegini, özünin ony bilmeyan bolmagy mümkindigini kabul etmeli. Şeyle pikir edip netijede öz pikrinin dogrudygyna düşünse ol eyyam başga gürrün.

Köneler, diwana tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir