Iň uly balykgulak.

Iň uly afrikan ullakan balykgulak (Achatina achatina). Olaryň iň ulusynyň uzynlygy kellesindrn guýrugynyň ujuna çenli 39,3 sm-a ýetdi. Gabynyň uzynlygy 27,3 sm, Balykgulagyň agramy takmynan 900 gram.

Iň kiçi küşt.

Los Anjelesde ýaşaýan ermeni zergäri Ara Gazarýan dünýädäki iň kiçi altyn küşti döretdi.
Önümiň umumy agramy 6,5 gram.
Iň kiçi çöpi 2 millimetr ululygy bolan lombard, iň ulusy 4,8 millimetr şalar, küşt tagtasynyň ululygy 15x15 millimetr.
Patyşa heýkeljikleriniň täçlerini aýryp hem bolýar, käbir çöplerde hatda göwher hem bar.

Iň ýaş uçarman.

Iň ýaş pilot, He Ide atly bäş ýaşly hytaýly oglan hasaplanýar.
Nankinde ýaşaýan rekord eýesi ýeňil uçary özbaşdak 35 minutlap dolandyrdy

Iň uly gapyrjakly işbil .

Atlantis, “Palm” we “AmStur” kärhanalary tarapyndan öndürilýän agramy 50 kg bolan gapyrjakly gara işbil dünýäde iň ulusydyr.

Iň semiz adam.

Meksikaly Huan Pedro Franko 590 kg agramly dünýädäki iň semiz adam.

Iň gymmat ykjam öýli awtoulag.

Awtoulag, umumy meýdany 300 inedördül metrden gowrak 12 metrlik awtoulagdyr.
Awtoulagda 511 at güýji bolan alty silindrli hereketlendiriji bar.
Awtoulag korpusy altyn bilen bezeldi.Bu ykjam öýiň 2nji gatynda gün we howa wannasyny almak üçin terrasalar hem bar
Bahasy 3 000 000 dollar.

Tozan sorujylaryň iň uly ýygyndysy.

Angliýanyň Nottingem şäherinden bolan 33 ýaşly Jeýms Braun tozan sorujylaryň muzeýini açdy.
Ýygyndysynda 322 modeldan köp tozansorujy bar.

Iň uly gitara.

Dünýädäki iň uly gitara. Uzynlygy 13m 30 sm, ini - 5m 2 sm, agramy - 907 kg.

Bilim, Реалист01 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir