Ýeke galan gyz

Ine, bir gün, bir gyz, ýeke-ýalňyz otyr,
Ýüreginiň taýy ýok, gijelerine sessiz ýatyr.
Ýekelik ýadatdy, öň üçin dünýäň gyzygy ýok,
Dogrusy, oň ýüreginiň diýýän oglany ýok.

Ine, bir gün ol öz diýýän oglanyny tapdy,
Şol gyz üçin söýgi şeýle gowy zatdy.
Gün-günden, söýgüsi, gün-günden artdy,
Şol günden başlap gyz özüni duýýardy bagtly.

Oglanam bagtly, gyzy ýürekden söýýärdi,
Şol gyz üçin, sorasaň janynam berýärdi.
Ikisi şadyýan, el tutuşyp aýlanyp ýör,
Hemme galýar geň, diýýärler "bularyň söýgüsini gör".

Ýigit 18 ýaşady, bugün oň doglan güni,
Şeýle howlugýardy görmek üçin öz gülüni.
Gyz gujak açyp, geldi görüp öz ýaryny,
Oglany gujaklap aýtdy, söýgüni goraýanyny.

Oglanyň gözleri ýaşly, aýdanok öz arzyny.
2 ýyl harby gullugyna, bir ýaryny, duýdurmady.
Ertesi söýgüsi ugrady, gyzyň ýüregi duýan ýalydy,
Oglana jaň etmäge howlugdy, ýöne ondan jogap almady.

Indi oglan 2 ýyl harby gullugynda,
Gyzyň habary ýok oglanyň gullukdadygyndan.
Taşlap gitdi diýip, pikir etýärmişin,
Nämäm kem özgelerden diýip, oýlanýarmyşyn.

14 aý geçdi, gyzyň öýüne hat geldi,
Hatyň içinde bar eken oglanyň goly.
Bagyşlaýda ýarym öz söýgüli esgeriňi,
Okap başlanda gyzyň gözüne ýaş doldy.

"Aýdyp bilmedim, saňa men hiç zady,
Görüp bilmezdim, seň gözýaşyňy".
Şo hatdan soň, az-owlak wagt geçdi,
2 günüm galdy diýip, oglan gyza jaň etdi.

Gyz 2 günüm geçäýse diýip, garaşdy,
Oglan harby bölüminden, öýe şeýle howlugýardy.
Öýe barýarka, ulagyň aşagynda wepat boldy,
Gyz şeýdibem ýene ýeke galdy.

Oglanyň gözleri ýaşly, aýdanok öz arzyny,
2 ýyl harby gullugyna, bir ýaryny duýdurmady.
Ertesi söýgüsi ugrady, gyzyň ýüregi duýan ýalydy,
Oglana jaň etmäge howlugdy, ýöne ondan jogap almady.

#Dowik
#Serdar Saparow

Edebiýat, hickim77 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir