Yslamyýeti ilkinji kabul edenleriň biri bolan Zeýd sekiz ýaşlarynda eýjejik çagady. Bir gün ejesi Suda onuň elinden tutup: 
– Eý, gözümiň röwşeni balam, ýöri, garyndaşlarymyzyňka gideli! – diýdi. 
Zeýd ejesi bilen ýola rowana boldy. Olar ahyry garyndaşlarynyň ýurduna bardylar. 
Ýöne ol ýerde oslanmadyk bir waka boldy. Gijäniň göze dürtme garaňkylygy zeminiň ýüzüne öz gara perdesini syrypdy, daş-töwerekde ümsümlik höküm sürýärdi. Birden daşarda içiňden geçip barýan çirkin ses eşidildi: 
– Gapyl galdyk! 
Hakykatdan hem garakçylar gapyllykdaolaryň üstüne çozupdylar. Olar gylyçlaryny bulaýlaşyp, haýbat atýardylar: 
– Kim bar bolsa orta çyksyn, nämesi bolsa-da getirsin! 
Her kim bukulyp oturan ýerinden gorky bilen çykdy. Zeýd bilen ejesi hem bir burçda düýrügip otyrdy. Garakçylaryň biri olaryň üstündäki örtügi galdyryp, «loh-loh» edip güldi-de: 
– Ine, tüýs bize gerek çaga! – diýdi. 
Zeýd gaty erbet gorkdy, aglady. Emma hiç kimiň oňa rehimi inmedi. Ony enesiniň elinden sogrup aldylar-da, garankynyň gujagyna siňip gitdiler. Yzda bolsa naçar enäniň ýüregiňi gyýym-gyýym edip barýansesi eşidilýärdi:
– Waý, ýeteweriň-eý, meniň oglumy alyp gitdiler-le, elimden balamy aldylar-la... Men biçäräniň başyna inen bu hubbata bir serediň-ä...! 
Kiçijik Zeýdiň boýnuna gullara dakylýan zynjyr dakylgydy. Ony adaty bir harytdan enaýy görmän, Ukaz bazarynda satlyga çykardylar. Garakçylar daş-töweregi ýaňlandyryp gygyrýardylar: 
– Bu çagany satyn almak isleýän barmy? 
Zeýdiň başyna döwlet guşy gonupdy.Eziz we Jelil bolan Allah ony, gör, haýsy ellerden alyp, nähili ýollardan geçirip, ebedi azatlygy nesip etjek eken. 
Garamyk gözlüje oglanjyk çaga gözlerini tegeleýärdi, gorkýardy... Sebäbi Arabystanyň meşhur Ukaz bazary adamdan ýaňa hyň berýärdi, gaý-da-gaýmalaşykdy. Bu ýerdedürli ýaşdaky gullar satylýardy. Hatda Zeýddenem kiçi çagajyklar bardy. 
Bazardaky goh-galmagal, tozan hem-de depäňi deşip barýan yssy halys ysgyndan gaçyryp, essiňi aýyp barýardy. Şol garym-gatymlygyň içinde güler ýüzli bir adam Zeýdiň ýanyna gelip, sorag bermäge başlady: 
– Oglum, seniň adyň näme? 
– Zeýd. 
– Kakaň ady? 
– Harise, agam! 
– Nireli sen? 
– Ýemenli. 
– Haýsy taýpasyndan? 
– Kudaa taýpasyndan. 
– Şeýlemi? Ol taýpa gadymy hem abraýly taýpa bolmaly... 
Kiçijik Zeýd akja dişlerini görkezip ýylgyrdy-da, pyşyrdady: 
– Dogry aýdýarsyňyz, agam... 
Zeýd bu güler ýüzli adamy özüne ýakyn saýmaga başlady... Ol adam gaýdatan sorady: 
– Garnyň aç gerek? 
Kiçijik Zeýd ýere seredip durşuna jogap bermek islemedem welin, näçe gün bäri aç-suwsuzdy. Ýaňky adam gaýtadan sorady: 
– Meniň bilen gidesiň gelýärmi? Süýji tagamlar iýip, arassaja eşikler geýesiň gelýärmi? 
– Şolar bolmaýanda-da, men siziň bilen giderin, agam! 
Ol adam gul täjiri bilen as-salym söwdalyşyp, ahyry dört ýüz dirheme ylalaşdy-da, puluny töledi. Kiçijik Zeýd bolsa, boýnuny burup, gapdalynda garaşyp durdy. Ol adam ýylgyrdy-da, kiçijik Zeýdiň başyny sypap, şeýle diýdi: 
– Hany bakaly, kiçijik Ýemenli! Indi, bileje gidip, garnymyzy doýuraly! 
Şeýlelikde olar Mekgä geldiler. Zeýdi satyn alan adam kiçijik onyrehimdar, mährem bir zenana äkidip tabşyrdy-da: 
– Eý, agamyň gyzy! Ine, bu hyzmatkäri seniň üçin aldym! – diýdi. 
Bu aýal hezreti Hatyjady. Oglanjygy getiren adam bolsa,Hakim bin Hizamdy.Hezeti Hatyja oglanjygy içgin synlady-da: 
– Balajygym, gel hany maňatarap ylga-da..! – diýip, gollaryny açdy. Zeýd özüne açylan gujaga tarap ylgady. Zeýdiň ýeten bagty her kime ýetdiriberenokdy. 
Hezreti Hatyja Zeýdiň elinden tutup, ýola düşdi. Birazajyk ýöräp, öýüne geldi. Işikden içeri ätläp-ätlemänkä, Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) olaryň öňünden çykdy. Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem): 
– Eý, Hatyja! Bu çagany maňa bagyşlarmyň? – diýdi. 
Jomart we mübärek hezreti Hatyja nur ýüzlüje Zeýde ýylgyryp bakdy-da: 
– Bujagaz çaganam, özümem saňa bagyşladym, eý Allahyň Resuly! – diýdi. 
Şeýlelikde, Zeýd älemleriň ýaradylmagyna sebäp bolan Pygamber (sallallahu aleýhi we sellem) tarapyndan şolbada azat edildi. Indi, kiçijik Zeýd hyzmatkär däl-de, älemlere rahmet bolan Pygamberiň (sallallahu aleýhi we sellem) ogludy. 
Ýemenli Zeýd täze öýüne ýerleşdi. Her gün ençeme täsin wakalara şaýat boldy, olardan täsirlendi. Gysga wagtyň içinde ol hem ilkinji musulmanlaryň hataryna goşuldy. 
Şeýlelikde, aýallardan ilkinji musulman bolan – hezreti Hatyja, çagalardanilkinji musulman bolan– hezreti Aly, erkeklerdenilkinji musulman bolan– hezreti Ebu Bekir we hyzmatkärlerdenilkinji musulman bolan hemhezreti Zeýd boldy.

Ata hijrany

Zeýd bin Harise Mekgede Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) ýanynda wagty, Ýemen illerinde gaýgy-hasratdan ýüki ýetik bir ata bardy. Ol Zeýdiň kakasy Harisedi. Harise oglunyň alnyp gidilendigini eşidip, tas däliräpdi. Bu habar oňa agyr degdi. Ol hasrata ýugrulan şygyrlary okaýardy, uçup barýan her bir guşdan körpeje Zeýdinden habar sorap, şeýle diýýärdi: 

Gözlerim girýan edip, 
Zeýd üçin aglaýaryn, 
Yza dolanarmy diýp, 
Bagrymy daglaýaryn... 
Daglara çykaýynmy? 
Zeýdime garaýynmy? 
Heý, bir habar barmy diýp, Şemaldan soraýynmy? 

Ýemenden ýola çykan her kerwene oglunyň keşbini suratlandyryp, bazarlardanony gözlemeklerini haýyş edýärdi. Her gelen ýolagçydan ony soraýardy. Oglundan heý-de bir derek çykaýmazmyka diýip, iki ýana urunýardy. Ýemenliler şol ýyl Mekgä gitdiler... 
Käbäni togap edýänleriň arasynda Zeýd hem bardy. Ýemenliler ony gören badyna tanadylar. Olar: 
– Eý, Zeýd, kakaň seniň hasratyňa dözgelibilmän ýör. Sen bu ýere nädip düşdüň, seni kim getirdi? – diýip soradylar. 
Zeýdiň garaja gözlerinden iki damja ýaş togalap, ýaňaklaryndan aşak syrykdy. 
– Menem bilýän olaryň meň üçin gözýaş döküp, perýat edýändiklerini – diýip jogap berdi. Adamlar şolbada sorag berdiler: 
– Beýle bolýan bolsa, näme üçin kakaň ýanyna gideňok? 
– Siz kakama meniň ýagdaýymyň oňatdygynyaýdyň. Allaha şükür, men şu wagt diýseň haýyrly we mertebeli bir Kişiniň ýanynda bolýan... 
Adamlar Ýemene baranlarynda, Harisänibuşladylar. Harise begenjinden uçaýjak boldy... 
Harise ogluny ýitiren wagty näçeräk gynanan bolsa, tapanda-da şonçarak begendi... Zeýdiň hojaýyny juda rehimdar hojaýyny barmyş. Ol Zeýdi azat edenmiş. Eger şeýle bolsa, ondaol erkinlige çykan bolmaly. Ýeri, onda näme üçin ol ýurduna dolanmaýarka? 
Harisäniň aňynda şuňa meňzeş pikirler at salýan hem bolsa, onuň gysga wagtyň içinde ogluna ýetesi gelýärdi. 
Ol dessine Mekgä ugrady. Hiç ýerde uzak eglenmän, ahyry Mekgä bardy. Öňünden çykan ilkinji adamdan: 
– Abdyllaň ogly Muhammet nirede ýaşaýar? – diýip sorady. 
Ony Älemleriň Serweriniň (sallallahu aleýhi sellem) huzuryna eltdiler. Harise indi ençeme ýyl bäri görmedik balasyna gowuşjakdygy üçin juda tolgunýardy. Ol: 
– Eý, Kureýş kowmunyň kethudasy! Siz Harem halky bolmak bilen bir hatarda,Harem-i Şerifiňgoňşularysyňyz. Beýtullahyň ýanynda ýesirleri gandalyndan boşadyp, olaryň garnyny doýurýarsyňyz...Eý, Kerenli Ynsan!.. Seniň ýanyňda meniň oglumyň ýaşaýandygyny eşidip geldim. Sen bizden gurbumyzyň çataýjak muzduny isle, biz şony töläli, Sen bolsa bize oglumyzy ber. Bizi şu aýraçylykdan dyndyr – diýdi. 
Nebiler Soltany (sallallahu aleýhi we sellem) sorady: 
– Ogluňyz kimdir? 
– Zeýd bin Harise!.. 
Başga islegiňiz – barmy? 
– Ýok! 
– Beýle bolsa, ony çagyryň, goý, ol islän tarapyny saýlasyn! Eger sizisaýlasa, kör-köpük islemän, size bereýin. Alyp gidiň! Eger meni saýlasa welin, wallaha men, meni saýlan adamy hiç kime bermerin! 
Zeýdiň kakasy beýle rehimdarlyga garaşmaýardy. Ol begenjine: 
– Eý, Kerim Ynsan! Sen bize ýagşy gep aýtdyň. Sen nähili beýik Şahsyýet!... 
Ene gujagyndan sogrulyp alnyp, gul bazarynda satylan, soňam başyna döwlet guşy gonup, Rahmet Pygamberiniň ýanyna gelen Zeýd dessine huzura çagyryldy. Ol özüniň özgelerden tapawutlydygyny bu ýerde-de görkezdi. 
Allahyň söýgüli, hormatly Pygamberi (sallallahu aleýhi sellem) ondan: 
– Balam, şulary tanaýarmysyň? – diýip sorady. 
Kakasyna gözi düşenden Zeýdiň ýürejigi gürsüldäp, kükreginden çykaýjak boldy. 
– Hawa, tanaýaryn! 
– Kim olar? 
– Şu kakam, bu bolsa agam! 
Şu ýerde Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi sellem) biraz sägindi. Ol Zeýdiň ýüzüne mähir bilen ýylgyryp seretdi-de:
– Eý, balam! Sen meni tanaýaň. Saňa bolan mährimi, merhemetimi gördüň! Indi, sen ýa meni saýlap, ýanymda gal, ýa-da hossarlaryňy saýla-da, olar bilen git! Ygtyýar sende!.. – diýdi. 
Zeýd durmuşynyň iň aýgytly pursatlarynyň birini başdan geçirýärdi. Her kim onuň jogabyna, geljek netijesine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ol çetin bir synagdan geçýärdi. Ol öz ýanyndan şeýle pikir etdi: «Bir tarapda kakam – meniň bu dünýä gelmegime sebäp bolan ynsan dur. Beýleki tarapda bolsa, ýesirleri we hojaýynlary deň tutup; ýetim-ýesirleriň, gul-gyrnaklaryň, sandan galan garrylaryň, dul aýallaryň, myhmanlaryň, ötegçileriň we garyp-pukaranyň howandary taýsyz Ynsan.” 
Belli bir karara gelmek, hakykatdanam kyndy... 
Harisäniň ýüregi suwlujady, oglunyň özüni saýlajakdygyna ýürekden ynanýardy. Ol diýseň tolgunýardy, begenjinden guş bolup uçaýjak bolýardy. Ol: 
– Hany oglum, ylga-da, kakaňa gel!.. – diýdi. 
Emma täsinje çaga täsin bir jogap bilen kakasyny geň galdyrdy. Zeýd gözlerini Älemleriň Serweriniň (sallallahu aleýhi sellem) mübärek gözlerine dikip, şeýle diýdi: 
– Men Seniň ýeriňe hiç kimemsaýlamaryn. Sen indi meniň üçin hem ene, hem-de ata ornundasyň! Senden sähelçe pursat aýra düşmek meniň üçin uly betbagtlyk. Men hemişe Seniň ýanyňda bolmakçy! 
Harise oglundan bu jogaby eşidip, gaty geň galdy. Näme diýjegini bilmän, dili tutuldy. Ahyry ol dillendi: 
– Eý, Zeýd! Haýp saňa! Diýmek, sen kakaňdan, agaňdan, maşgalaňdanhem-de kowmuňdangeçip, hyzmatkärligi saýlaýarsyň-da. Haýp saňa!.. 
Zeýdiň köňül guşy şeýle ajaýyp bir baga gonupdy welin, ol baga gireniň gaýdyp çykasy gelmeýärdi. Zeýdiň aýdýan hakykatyna ulular hem akyl ýetirerdenejizdi: 
– Hawa, men bu Kişide şeýle ajaýyplyklar gördüm.Hiç haçan Onuň ýerine başgasyny saýlamaryn! 
Hawa-da, ýitijeçaganyň jogabam bir başgaça bolaýýar. 
Zeýdiň wepalylygyna haýran galan Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) onuň elinden tutup, uly bir daşyň üstüne çykdy-da, adamlara ýüzlenip: 
– Eý, adamlar, şaýat boluň! Zeýd meniň oglumdyr. Men onuň mirasdüşeridirin,ol hem meniň mirasdüşerimdir – diýdi. 
Zeýd Älemleriň Serweriniň ýanynda galjak diýeninde, kakasy bilen agasy muňa birbada gynandypdy. Ýöne olar bu wakany görüp, diýseň şat boldular. Begenşip, öz ýurtlaryna dolandylar. Şu wakadan soň Zeýde – Zeýd bin Muhammet, ýagny “Muhammediň ogly Zeýd” diýlip başlandy. Emma Ahzab suresiniň 4-nji we 5-nji aýatlary inenden soň, Zeýde “Zeýd bin Muhammet” däl-de, öňküsi ýaly “Zeýd bin Harise” diýildi. 
Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) Zeýdi gaty gowy görýärdi. Hatda ony öz agasy hezreti Hamza bilenem dogan yglan etdi. Pygamberimiziň maşgalasy, dogan-garyndaşlary-da Zeýde aýratyn hormat goýýardy. Şehitleriň soltany hezreti Hamza hergezek söweşe gideninde ähli mal-garasyny oňatabşyrardy.

Beýik Zeýd

Hijretiň sekizinji ýylydy. Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) Yslam goşuny üçin üç müň adamýygnady. Sahabalardan düzülen bu goşuna-da Zeýd bin Harisäni serkerde belledi. Goşunyň ugry Mutä tarapdy. Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: 
– Eý, Zeýd! Sen şehit bolsaň, ýeriňe Jafer bin Ebi Talip geçsin, olam şehit bolsa, Abdullah bin Rewaha serdar bolsun, olam şehit bolsa, Allahyň gylyçlaryndan bir gylyç baýdagy alsyn! 
Muta ugradylan goşunyň içinde Jafer bin Ebi Talip, Abdullah bin Rewaha, Halid bin Welid (radyýallahu anh – Allah olardan razy bolsun!) ýaly harby tälimlerden oňat baş çykarýan, söweş gahrymanlary bardy. Şeýle-de bolsa, Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) Zeýdi goşunyň başyna serkerde edip belläpdi. Sahabalar hem köneden gelýän jahiliýe düşünjesini eliniň tersi bilen itip, garaýagyz serkerde hezreti Zeýde (r.a) boýun boldular. 
Bu söweş hezreti Zeýdiň we hezreti Jaferiň iň soňky jihady boldy. Ikisi hem şol söweşde gahrymançylyk görkezip, şehit boldular. 
Mutede aldym-berdimli söweş gidip durka, Serwerimiz (sallallahu aleýhi we sellem) sahabalary bilen mesjitde otyrdy. Birden Serwerimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek gözleri ýaşdan doldy. Ol söweş meýdanynda bolýan her bir wakany hamala gözi bilen görýän ýaly gürrüň bermäge durdy. 
Sahabalardan Sad bin Ubade: 
– Eý, Allahyň Resuly, näme üçin aglaýarsyňyz? – diýip sorady. Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem): 
– Bu aşygyň magşugyna bolan küýsegidir! – diýip jogap berdi. 
Hakykatdan hem Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) Zeýd hezretlerini gaty gowy görýärdi. Sebäbi Zeýd kiçijik çaga mahaly Onuň ýanynda ulalyp, söýgüsini gazanypdy... 
Ykbalyň täsin oýnuna serediň!Aradan ençeme ýyl geçensoň, Wizantiýa ýörüş edildi. Nebiler Soltany (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Zeýdiň ogly Üsamäni şol goşuna serkerde hökmünde belledi. Bu gezekki goşunda hezreti Ebu Bekir, hezreti Ömer, hezreti Osman, hezreti Aly (radyýallahu anh) ýaly beýik şahsyýetler bardy. 
Ine, şeýle ýiti çagadan (hezreti Zeýdden) şeýle beýik adam dünýä inýär. 
Bu dünýede hiç bir ynsan balasy şeýle bagta eýe bolan däldir.Zeýd tä çagalagyndan başlap, soňky demine çenli hemişe Rahmet Pygamberiniň (sallallahu aleýhi we sellem) hyzmatynda boldy we Onuň söýgüsini gazandy. 
Allah olardan razy bolsun!

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir