Günleriň bir güni daýhanyň traktory döwüpdir. Onuň traktoryny bejermek üçin beýleki goňşulary hem ýardama gelipdirler. Ýöne olaryň eden synanşyklary başa barmandyr. Ahyrynda hem daýhan traktor ussasyny çagyrypdyr. Ussa ilki traktoryň ähli ýerlerini barlap görüpdir. Ol biraz oýanyp duranynda soňra, bir düwmäni basypdyr-da, motory herekete getiripdir. Ussa daýhan eden işi üçin hasap ýazylan kagyzy görkezende, daýhan geň galyp:
- Birje düwmäni basanyň üçin 100 manat alýaňmy? - diýip sorapdyr. Ussa:
- Dostum, birje düwmäni basanym üçin bary-ýogy birje manat soraýan, galan 99 manat meniň zehinim, bilimim üçin. Hut zehiniň kömegi bilen haýsy düwmäni basanymda traktoryň işlejekdigini anyklap bilmeýän - diýipdir.

By: Arslan Alayew

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir