Dogana bil baglaymasam,
Indi aglajak ejem yok
Yer astyndan aglaymasa,
Indi aglajak ejem yok.

Butin alem yalan yaly,
Saygaramok ak-garany,
Shu duzlasalaram yaramy,
Indi aglajak ejem yok.

Toy toylasam gelishjek kan,
Shat gunlemde gulushjek kan,
Huday saklasyn dasha degse yensam,
Indi aglajak ejem yok.

Gozyashym gursakdan akyar,
Ichimi hasrat pychaklar,
Yykylsam koche gujaklar,
Gelip aglajak ejem yok.

Omrum sazyn chalsa gamgyn,
Betbagtlyk tapsa salgym,
"Oglum yandow" diyp ogryn,
Gelip aglajak ejem yok.

Sowselerem, soyselerem,
Agyr sozler diyselerem,
Etimi gowrup iyselerem,
Urnup aglajak ejem yok.

Edebiýat, soho tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir