Dünýä sporty bu gün gynançly habar bilen agşama ýetdi. Sport äleminiň rowaýaty futbolçysy, dünýäde ilkinji ýerlerde hasap edilýän futbolçy, Argentinaly Diego Armando Maradona sport älemini gynanja bogdy. Maradonanyň ýogalmagy bilen ýyldyz futbolçylar, futbol klublary, syýasatçylar internet sahypalaryndan öz gynançlaryny bildirdiler. Argentinanyň prezidenti üç günlük ýas yglan etdi.

Bizem Legendanyň maşgalasyna, yzyndaky ýakynlaryna öz gynanjymyzy bildirýäs. Yzynda goýup giden owadan gollary, oýunlary futbol janköýerleriniň hiç haçan ýadyndan çykmaz.

Sport, messibet tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir