Esalamalaýkum, www.talyplar.com-yň mähriban agzadyr myhmanlary. Ilki bilen agşamyňyz haýyrly bolsun, indi mowzuga başlalyň!
Men bu orta atjak meseläme nähili garaýandygyňyzy bilesim gelyä. Biz bu zada durmuşda köp gabat gelyäs. Ine, mysal üçin bir adamy görenimizde daşyndan owadan, owadan geynipdir diýip diňe daşky sypaty boýunça baha berýäs. 60% adamlar biriniň diňe daşky sypaty boýunça baha kesýärler. Näme üçindir biziň şonuň içki dünýäsi boyunça baha kesemizok, belki daşyndan owadandyr, ýöne onuň kalby owadan bolmasa mundan owadanlyk bolarmy!
Meniň bu gozgan meseläme siz nähili baha berersiňiz? Jogaplary kommentariýada galdyryň!

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir