Söýgüli Pygamberimiziň (s.a.w.) mübärek agtyklary Hasan bilen Hüseýin mesjidiň howlusynda durup, şadyrwandan täret alýan garryja bir ýaşulyny synlaýardylar. Bu pursat Hasan bilen Hüseýin arasynda şu gürrüňdeşlik bolup geçýär:
- Seret, tirseklerini doly ýuwmady.
- Hawa, gördüm, käbir ýerleri gury galýar.
- Muny oňa aýtmagymyz gerek. Täret alynýarka ýuwulmagy parz bolan ýerlerde igne ujy ýaly gury ýer galsa, täretiň doly alyndygy bolmaz. Täret bolmasa, elbetde, namaz hem bolmaz.
- Emma nähili aýdarys? Anha, seret, aýaklaryny-da çala ýuwdy. Barmaklarynyň arasyny gowy owkalamady, topuklaryna-ha suwam degmedi. Ýör, baryp, ýaşula muny aýdalyň.
- Dur, bir salym garaş. Ol bizden ýaş taýdan uly. Biz gönüläp baryp aýtsak, utanmagy mümkin. Belki-de çaga bolanymyz üçin bizi diňlemez. Onuň göwnüne degmezden ýalňyşyny ýatlatmagyň bir ýoluny tapmaly.
Sähel salym soňra Hüseýin begençli ses bilen:
- Şü-ýä bolaýdy. Bildim näme etmelidigini – diýýär we ýaşulynysň ýanyna baryp, hormat bilen:
- Agam jan, sizden bir haýyşymyz bar – diýýär.
- Aýdyň bakaly, çagalar.
- Biz heniz çaga. Biz şu ýerden täret alýarkak, siz başymyzda durup, biziň ýalňyşlarymyzy, nogsanlarymyzy aýdaýsaňyz?!
Ýaşuly muňa monça bolup:
- Elbetde, oglum. Hany, başlaň bakaly – diýýär.
Iki dogan täret almaga başlaýar. Ýaşuly üns bilen synlap, bularyň ýalňyşyny tapmaga çalyşýar, emma çagalar täretlerini hiç hili nogsansyz alýarlar.
Ýaşuly öz täreti barada oýlanýar. Özüniň Hasan we Hüseýin ýaly ünsli täret almaýandygyna düşünýär.
Täretlerini alyp bolansoň, iki doganyň başlaryny sypaýar we şeýle diýýär:
- Ýalňyş sizde däl çagalar, mende. Meniň ýalňyşymy ýüzüme urman, sypaýyçylyk bilen düzeldendigiňiz üçin köp sag boluň. Indi mundan soňra men hem siz ýaly ünsli täret alaryn. Ynha häzirden başlaýaryn...
Ýaşuly oturyp, täzeden birkemsiz täret alýar.
Mähriban çagalar! Diýmek haýsydyr bir zadyň dogrusyny bilmek ýeterlik däl. Ol dogryny başgalarynyň göwnüne degmän, sypaýyçylyk bilen düşündirmek hem zerur. Edil Pygamberimiziň agtyklary Hasan we Hüseýin ýaly ...
Yylgyn 4 years ago- Dogry aýtýañ gardasym bizdede kåbir agzalar bar adyny aýdyp utandyrmak hökmanam däl gaýrat etde su teswirdäki Hasan bilen Huseyinde görelde al