Hemme zat adaty ýagdaýda başlady. Ol dükana girenden täze satyjy gyza gözi düşdi. Aslynda ol birje çörek almaga gelipdi. Ýöne kassaň deňine eli boş barmaga çekindi. Ol ýene birki zat alyşdyrdy-da satyjynyň hasaby aýtmagyna garaşdy. Soňra müşderi çak edişinden köpräk aýdylan hasapdaky puly jübüsinden gözlemäge başlady. Onuň "bir manat ýetmeýän eken, bir çöregi yzyna goýaýaýyn" diýerine garaşmazdan satyjy: " indiki geleniňizde beräýersiňiz" diýip ýylgyrdy. Müşderi näme diýjeginem bilmän harytlary alyp gitdi, bir gowy tarapy onuň ýene şugün dükana gaýdyp gelmäge bahanasy bardy! Täze satyjynyň işe gelmegi bilen dükanyň girdejisi artypdy. Şol sebäpli dükanyň başlygy bu satyjynyň aýlygyny birneme köpeltdi. Bu üstünlikde bir müşderiniň paýy uludy, ol diňe şu dükandan söwda ederdi, hemmeden has köp söwda ederdi, üstesine beýleki käbir "hemişelik" müşderiler ýaly bergi etmezdi. Ine şol müşderi ýene dükana girdi. Satyjy bilen mähirli salamlaşdy. Ol ýene özüne gerek (belki känbir gerekmejek) harytlary howlukman saýlaýança satyjy onuň ýagdaýyny sorady, söwdanyň gidişi barada gürrüň berdi. Müşderi hem hemmesini höwesli diňledi. Olar hemişekisi ýaly harytlary pakede bile saldylar. Müşderi hem hemişekisi ýaly biraz aljyrady. Satyjy gaýtargynyň ýerine "love is" sakgyjyny uzatdy. Müşderi ojagaz gaýtarga derek hiçzat garaşanokdy, ýöne bu sakgyç uly bir many göterýäni üçin mundan el çekip bilmezdi. Satyjy ýene adatdakysy ýaly "Gelip duruň!" diýip müşderini mähirli ugratdy. Müşderi bolsa öýüne baryp harytlary onsuzam dolup duran sowadyja salyp öz otagyna geçdi-de söýgüli aýdymyny goýup oýa batdy. Hawa, dünýäde ýene iki bagtly adam peýda bolupdy. Biri magşugynyň bardygyna, biri bolsa gündelik söwda edýän müşderisiniň bardygyna guwanýardy.


#okgunlylalar

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir