Eliň bilen edeniňi, egniň bilen çekersiň,
Ile göz ýaş dökdürseň, özüň üç essesin dökersiň,
Senem munda ötegçi geçip gitjek nökersiň,
Ýakma ýakyny ýady, öz oduňa düşersiň.

Päliň niýetiň näme bolsa, aljagyň hem şol bolar,
Diliň ajy duz bolsa, edeniňde şor bolar,
Ile ýamanlyk etseň, ýamanlyklar ýar bolar,
Bir didäni aglatma, ýüzüň gülkä zar bolar.

*Bellik - Awtoryň kimligi paýlaşana belli däl!

Tehnologiýa, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir