Gyşyna agaçlar ösmeýärler.
* * *
Grafiki multiplikasiýanyň başyny başlaýjy fransiýaly suratçy Emil Kol hasaplanýar.1908-nji ýylyň 17-nji awgustynda Parižiň "Jimnaz"teatrynda ilkinji gezek onuň multfilmi görkezilýär.
* * *
Fransuz alymy Amper heniz on üç ýaşyndaka matematika boýunça özüniň ilkinji işini Lion akademiýasyna tabşyrýar.
* * *
Dünýäniň iň beýik gerişleriniň 25-si Gimalaý daglarynda ýerleşýär.
* * *
Beýik italýan alymy Galileo Galileýiň kakasy Wençenso meşhur sazanda bolupdyr.
* * *
Ýaponiýa 15-nji asyrda dünýä kartasynda orun alypdyr.
* * *
Benzin bilen işleýän ilkinji awtoulag 1886-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda meşhur nemes oýlaptapyjysy Karl Bens tarapyndan döredilýär.Şol awtoulag iki adam üçin niýetlenipdir we onuň üç tekeri bolupdyr.
* * *
Internetde 155 milliondan gowrak saýt bar.
* * *
Tokaýlarda ösýän kömelekleriň kökleri bolmaýar.
* * *
Buz birmeňzeş sowuk däldir.Mysal üçin,Antarktikadaky buzlaryň sowuklyk derejesi 60 gradus bolsa,Grenland adasynda buzlaryň sowuklygy 28 gradusdyr.Alp daglaryndaky buzlaryň sowuklyk derejesi 0 gradusdyr.
* * *
Çaý hytaýça ter ýaprajyk diýen manyny aňladýar.
* * *
Zažigalka ( çakmak) otluçöpden ozal oýlanyp tapylypdyr.
* * *
Gresiýanyň Pind daglaryndaky Wikos jülgesiniň çuňlugy 900 metre ýetýär.Jülgäniň iki gyrasynyň aralygy bary-ýogy 110 metrdir.

Bilim, Waharman tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir