syyasy dal, şahsy garayşym. syyasat bilen işim yok. Aslynda köp bolyar yöne sonky wagtlar hasam, şu türkiyedaki bolyan wakalary görüp türklerin öz aydyşlary yaly “kiçi dilimi yuwdyan”. Agzymy açyan, gen galyan. Gaharyn gelmez yalam dal kabirlerinin bolşuna. Gahary gelmeyan yokduram öydemok özüm-a. Elbetde men gaharym mana degişli, başga biri tersine gaharlanyp biler. Şu kelleyaglygy (başörtüsü, türban) meselesi aglajakmy güljekmi diydiryanskilerden gidip dur. Türkiyedaki syyasat aslynda öwrenmek isleyan adama gaty köp zat öwredyar. Syyasaty çunnur yzarlamak barada aydamok, in bir yüze çykan zatlar bar, belli temalarda alynyan kararlar we ona garşy çykyanlaryn öne süryan pikirleri bar. bulary men yaly aktiw syyasat bilen gyzyklanmayanlaram görüp bilyar we wyjdan tarapyndan ölçeyar özüçe. Men şolar yaly, dine her adamyn yorum getirip biljek, fundament, adamyn wyjdany, hak-hukugy bilen baglanyşykly zatlar hakda aydyan. Yogsam konstitusiyanyn pylançynjy maddasynda pylan zat diyilyar, eylesinde beyle, beylesinde eyle diyip hukukçylaryn karar beryan zatlary hakda aydamok. Kabir zatlar bar, adam öz serhedini bilmeli. Meselem şu temada-da menem hukukçylaryn aydyan kabir zatlaryna garşy çykyp yok eyle dal beyle diyip pikir yöredip bilerin, yöne men hukuk hakda name bilyan? Gaty az zat. Bir hukukçynyn bilmeli bolan deryasyndan dine bir kase belki. Onda öz çenini bilmek sagdyn pikir etmegin alamaty diymek. Men konstitusiya kanunlarynyn şeyle herhili pikir yöretmage açyk bolup biljeginem ön bilemokdum. Olar açyk, belli kanunlardyr diyip pikir edyardim. Men bir zada göz yetirdim. Hemme kişem göz yetirendir, şo hakda yazayyn birazajyk. Umuman ortada durup seredende yaglygyn universitetde dakylmagynyn erkin bolup bolmajagy barada “bolmaly ya bolmaly dal” diyyan iki tarabynam aydyany dogry bolup biler. Netijede konstitusiyanyn kabir maddalary üstünde birden köp pikir yöredip bolyan bolsa, netijede olar açyk we toçnyy hemme adamyn kabul etjegi şekilde belli dal bolsa, onda iki tarapynkam dogry bolup biler diymek gerek diyip pikir edyan. Sebabi iki tarapam çynlary bilen goldayan hukukçylar bar. İkinji adimde men iki tarapyn umuman aydyan zatlary hakda name diyyandiklerini, agyzlaryndan ya galamlaryndan çykyan sözlerin demokratiki tarapdan sagdynlygyny, esasanam “empathy”, adamkarçilik, wyjdan tarapdan duryan yerlerini, elindaki güyçlerini haysy tarapa ulanyandyklaryny, in esasam öz pikirlerine, dünyagarayyşlaryna den gelmese-de mejlis tarapyndan alynan kararlara bolan hormatlaryny, boyun bolup bolmayanlyklaryny görmeli diyip pikir edyan. Azyndan özüm syyasat hakda az zat bilyan hökmünde şeyle garayan, yalnyşyp bilerin. şu tarapdan seredende, yslamy hili yaglyga garşy duryanlaryn umuman kanunlara ters hereketler edyandiklerini göryan, hemme kişem göryar. dogry aydyan, dogry pikir yöredyan bolup bilerler. Yöne demokratiyada mejlis diyen bir zat bar. mejlis bir karary alan bolsa onda ona boyun egmek gerek. halasanam halamasanam. Halamasan tazeden başlarsyn işe, tazeden tijenersin we halky özüne ynandyrarsyn we tazeden köp ses alyp hökümet gurarsyn, syyasy güyjini artdyrarsyn we ayyrarsyn yalnyş kanuny. Onda garşy çykan bolmaz. Beyleki tarap gije gündiz işlap, pikirlerini köpçülige kabul etdiren bolsa onda senem yatman, şolarynky yaly işlap özüni görkezmeli. Halky ynandyrmaly. Birem mejlis bir zady karar alan bolsa diymek halkyn aglabasy şol karary goldayar diymekdir. Birem birazajyk adamkarçilik tarapy bar. yagny hazir kanuna yerleşdiriljek bolyan (yerleşdirilen) madda hiçkimin erkinligini gysmayar, tersine birinin erkinligini artdyryar, has dogrusy yok bolan erkinligini bar edyar. Munda positive pikir bar, wyjdan bar. onda garşy çykmak manysyz görünyar. Bu hakda yene bir ölçeg şu. Şol yaglygy universitetde dakmaly dal diylen kanun hiçbir yewropa yurdunda we amerikada yok. Ol yerler halk erkinligine ing köp üns beryan yerler. Senin yaly pikir etmeyanlerin erkinligi artdyrylyan bolsa muna garşy çykmak adamkarçilik tarapdan hem dogry dal. Umuman erkinliklerin hem elbetde belli serhetleri bar. birem beyleki yurtlaryn erkinlik düşünjesi absolute dogry diyip bolmaz. Bularam bar yöne olar gürrüni uzaldar we radikal zatlar . Mana bu zatlar yene bir zat öwretdi. Empathy diyilyan zadyn, sen yaly pikirde bolmayan adamlara haky bilen hormat goymagyn, olaryn üstünliklerini kabul edip bilmegin, içine sindirip bilmegin, gaty kyn zatdygy. Dile getirmek, “görünmek” ansat emma “bolmak” welin gaty kyn.

Köneler, diwana tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir