henekler /—2
DERT BOLAN DÜÝŞ
Bir adam psihologa derdini aýdýar:
— Wah agam, her gije düýşümde nähili dertler çekýänimi, nähili ajal derlerini dökýänimi bir bilsediňiz…
Psiholok:
— Pygamber ýorgudy bolsun Inşallah. Düýşüňizde nähili zatlary görýärsiňiz?.
Adam aglamjyrap jogap berýär:
— Näme, nämeler… Zyýapat, tans, aýdym-saz, içgiler. Her dürli, aňry baş iýmitler, garaz her zat bar-da… Içhä-iç, çalha-çal…
— Gowu-da, mundan başga näme isleýärsiňiz? Käşkä menem her gije şular ýaly zyýapatly düýşler görsem, başga näme isläp bilerin.
Adam uludan dem alyp:
— Belaň sapy, hiçjem oýlaýşyňyz ýaly däl. Her zat gowy, gözel welin, soňunda mydama bütin hasaby men töleýän.

ÝOKARY TIZLIKLI ARAGATNAŞYK
Iki adam gürleşip otyr. Biri:
— Bir habary iň gysga wagtda bir ýere ýetirmek üçin näçe dürli ýol bardyr?— diýip beýlekiden soraýar.
— Üç ýoly bardyr: Telegraf, telefon ýa-da bir hatyn.

BETERINDEN BETERI

Bir şäheriň Ilaty zalym häkimiň elinden halas bolmak üçin soltana habar ýollapdyr:
— Aman soltanym, bizi bu adamyň elinden halas eýle. Ählimiziň bar-ýogumyzy elimizden alyp gallaç kyldy. Salgydynyň aşagyndan çykar ýaly däl, açgöz peläket.
Habar Stambula ugradylýança häkim eşdip şäheriň sylaglanýan adamlaryny öýüne çagyrypdyr. Her kes "ýene näme islärka bi" diýip gorka-ürke häkimiň öýüne gelipdir, emma gorkulary başlaryna gelmändir, häkim her kime hezzet üstüne hezzet edipdir, serpaý üstüne serpaý ýapypdyr. Soňra saçak başyna oturyp iýipdirler, içipdirler. Çaý başynda häkim ýigitlerine:
— Şol sandygy getiriň!— diýip emr edipdir.
Sandygy getirip gapagyny galdyrypdyrlar welin, içi altyn, kümüş, almaz ýaly gymmat baha daşlardan dolup daşyp duranmyş.
Häkim sandygy görkezip:
— Serediň, agalar, begler! Şu sandygyň dolmagyna bir garyş galdy. Sandyk doldugy meň işim tamam. Emma, men wezipämden aýrylsam ýerime geljek häkim boş sandyk bilen geler, habaryňyz bolsun! Meňki diňe duýdurmak— diýipdir.

SAŇA DEGMEZLER

Degişgen biri Kaýserili birinden:
— Kaýserililer eşek etinden somsa edýärlermiş şol dogrumy?— diýip sorapdyr.
Kaýserili:
— Kaýser-ä gitmekçi bolýan bolsaň, hiç gaýgy etme! Saňa degmezler— diýip jogap beripdir.

ÝARYM ÖLI, ÝARYM DIRI

Oba ilaty dil birikdirip obaň ymamyna henek atmagy planlaşdyrýarlar. Ýalandan obalyň biri ölýär, meýdi ýuwmak üçin ymamy çagyrýarlar. Ymam meýdi ýuwmak üçin içeri girýär, gapyny ýapýar. Ýarym sagat geçýär… Bir sagat geçýär… Iki sagat geçýär… Her kim oýlanyp başlaýar… Her ölini 15 minutda ýuwup, päkleýän ymama näme boldy? Iki ýarym sagatdan soňra ymam suw der bolup çykýar. Hemme derrew:
— Ymam aga, näme boldy?— diýip soraýar.
Ymam gaharlanyp:
— Ýarym öli, ýarym diri zaňňarlary maňa getirýäňiz, işini bitirip, ruhyny çykarýançam tas öz janym çykypdy— diýýär.

ÝAGYŞLY HOWADA-DA GEÝMEK MÜMKIN

Hatyn, ilik-düwme barlanyndan, dawalaşa-dawalaşa söwdalaşynyndan soňra gaplaňyň derisinden edilen paltuny almak kararyna geldi. Şonda-da puluny töläp duran mahaly sorag bermän durup bilmedi:
— Muny ýagyşly howada-da geýip bolýandyra?
Satyjy geň-taňsy bir ynam berdi:
— Hanym, henize çenli ýagyş astynda hiç haýsy gaplaňyň saýawanly gezip ýöreni görülmändir!

SALAM

Iki esger köçeden ýöräp barýan mahaly gapdallaryndan geçip barýan ýük ulagyna biri harby salam berýär. Ikinjisi:
— Neçüýn salam berdiň?— diýip soraýar.
— Gözüň körmi? Ulagyň üstünde General Motors diýip ýazylygy dur-a.

Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI

www.kitapcy.com türkmen edebiýaty

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir