Gijä galmanyň aladasyny etmäni bes ediň.
Mümkin boldugyça, bellenen wagtynda gelmäge çalyşyň, eger-de siz gijä galýan bolsaňyz, muny bolup biläýjek zat höküminde kabul ediň. siz ýagdaýy üýtgedip bilmersiňiz. alada etmek bilen siz, “stresse bolan reaksiýanyň” döremegine sebäp bolýarsyňyz, ol hem öz gezeginde garaşylýan ömür dowamlylygynyň peselmegine getirýär. bag oturduň, olaryň aladasyny ediň we ondan sagdyn miweleri ýygnaň. iýmit ösümliklerini, miweleri we ir-iýmişleri iýiň, et önümlerinden gaça duruň, oliwka, kokos we beýleki ösümlik ýaglaryny köpräk iýiň, işlenen azyk önümlerinden gaça duruň. hiç haçan ruhdan düşmäň, tutanýerli boluň. öz arzuw-ukybyňyzy gözläň! okinawada, belli düzginleri berjaý edip, 100-den köp ýaşamany özlerine niýet edinen adamlar ýaşaýarlar. olaryň her biri “irden näme üçin oýanandyklaryny” aýdyp bilýärler. siz aýdyp bilersiňizmi? eger-de öz durmuşuňyzyň manysyny kesgitläp bilseňiz—bu siziň ýaşyňyzyň ortaça dowamlygynyň üstüne 10 ýyl goşýar! derman därilere derek özüňize tebygy emleri tapynyň. mysal üçin, günde säher bilen bir çemçe bal iýiň. bu siziň dermanyňyz diýip özüňizi ynandyryň we keselleriň we döwük-ýenjigiň öňüni almak we olary bejermek üçin ulanyň. şeýle-de, derman otlaryndan ýasalan çaýlary yzygiderli içiň, bu gürrüňsiz uzak ýaşamaga we saglygyňyzy beketmäge ýardam eder. gezelenç—saglygyň özenidir. bir günüň dowamynda näçe köp beýiklige çykyp düşseňiz, şonça-da gowy. munuň trenažer zalyndan ýakymlydygy mälim ahyry. tämiz howa, bägülleriň ýakymly yslary, daga çykmak ýa-da ýönekeý gezelenç—formany saklamak we uzak ýaşamagyň ajaýyp ýolydyr. gereklilik duýgyňyzy ösdüriň. ýekelikden gaýra durmak üçin özüňizi jemgyýetiň agzasy hasap ediň, täze adamlar bilen gatnaşyň, bu siziň ýürek-damar keseline uçrama howpuňyzy iki esse azaldar we ömrüňizi 10 ýyl artdyrar. zyýanly endiklerden saplanmak, sport bilen meşgullanmak we aktiw ýaşamak, size bilelikde ýeňil düşer. ruhy dünýäňize ýer gözläň. ruhy dünýäli bileleşikde gatnaşykda bolmak, ýaşyňy ortaça 14 ýyl uzaldýanyny ylymy barlaglar görkezdi. beýle diýdigimiz, hökman metjide, serkowa ýa-da buthana gitmeli diýdigimiz däl. arassa niýetli, ýuka ýürekli we jan agyryly adamlar bilen töweregiňizi gurşaň. ýokarda agzalan düzgünleriň tarapdarlaryny gözläň. öz saglygynyň aladasy bilen ýaşaýan adamlar bilen näçe köp gatnaşsaňyz, şonça-da uzak ýaşamaga bolan höwesiňiz siziň durmuş ýörelgäňiziň bir bölegi bolar. eger-de siz arak içýän, öýden çykman, gitdigiçe ete-gana gelýän adamlar bilen gatnaşsaňyz, onuň netijesi sizi kän garaşdyrmaz. ruhlanyň, adamlar hem size seredip galkynsynlar we göwün ýüwürdişiňiz ýaly, uzak ýaşaň!
Terjime eden - Kakamyrat Geldiýew.

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir