salam agzalar!! gelin tazeden bile goşgy yada helaya (men goşgyn tarapynda) yazalyn...önem yazdyk yene tazeden başlalyn içimizde tejribelilerimiz kan...mümkin bolsa gusun adamlar:)
Bile birzat yazalyn!!!--6 öytyan
- 
                agajanh
                17 years ago
                
- iki güne proyekt yetişdirmeli, 
 men bolsa eyyamden yaltanyan,
 sonam hasaplap,birzatlar edişdirmeli,
 yzyny dowam edin mena indi turyan...
 bee işiňä köp ekeni
 gaýrat et nätjekdä
 ony hem birzatlar etseň
 bolar durarda
 
 :D
- 
                Derman
                17 years ago
                
- Gelin onda fantastika yazalyn!
 
 Bu gije hich hachan bolman waka boljak yalydy. Asman sheyle bir garaldy, men hich kimi gorup bilemok. Dine gujukler towuklary iyip yordiler, we towuklar sychanlary iyjek bolup sychanlaryn yzyndan bokup/uchup yordiler.
 
 Dowamy:
- 
                el_mariachi
                17 years ago
                
- syçanlaram adamlary iyjek bolup yördüler:)
 adamlan arasynda seretim welin gyzlaram bar ekeni
 waayyhh!! diyip menem gaçmaga başladym
 ..........
- 
                Derman
                17 years ago
                
- _gachama, el_mariachi, gachma diydiler mana gyzlar..
 _ biz seni oylentirjek, diydiler mana
 
 Bizin aramyzda shol gyz dur, hany goreli sen ony tapyp bilersinmi?
 
 Wah, nadip men ony taparynka diyip pikir etdi el_mariachi. olaryn hemmesi birhili egin-eshikde.
 
 
 
- 
                el_mariachi
                17 years ago
                
- dur 1 mn gaçma diyyanmi mana
 men sana diydima gaçyan diyip
 eyyamden öylendişrjek bolup :)
 bilini berk guşadynda garaz...
 
 garaş azajyk kowalaşaly,
 gyzlaryn yüzüni göreli,
 birnaçesini goraly
 son atlaryny soraly:)
 
- 
                Derman
                17 years ago
                
- atlaryny aytmasalar name etjek?
 hayran galyp asmana bakyp,
 bu maral, alma, ya-da jennet
 diyip oturjak?
 
 sen on adyny tapyankan
 bashga birini ol soyyer
 uzak yere ony akider
 galarsyn yeke ozin
 yeke ozin bu dunyade
 
 
 
 
 
- 
                Derman
                17 years ago
                
- Men ona aytdym
 Yuzune mun gezek bakdym
 Galan soyguni tapdym
 Onam yzyna aldym
 Men ona aytdym
 \"Men seni soyyan\"
 Gunde aglayan
 Hudadan sorayan
 Koprak soygi sorayan
 
 Ber mana alla
 Rugsat soymege
 We onun bilen olmege
 Gyshyn birinji gununde
 
 Ber mana alla
 Taze soygiden
 Taze ak koynekden
 Tomusyn birinji gununde.
 
- 
                rebuilder
                17 years ago
                
-               *_*  
 wiii,gyzlary nametjek?hayyrdyr?
 menden şahyr bolmaz,aytmak hakymdyr,
 gyzdan görjegini yaman duşmandan hem gormersin, munu bil,
 galmaz jubde pul,gezersin sepil!!
 *_*
 
 ..boldymay?biraz biderejiga boldy:)))
- 
                el_mariachi
                17 years ago
                
- mana söygi diyman ey yaranlar,
 bilimi bükendir,beynimi gemrendir,
 duygy diyman,agla diyman,agalar,
 men töweregimdakiler gülenimi görendir:(
 
 ay birhili manysyz boldy öytyan
- 
                Derman
                17 years ago
                
- ..boldymay?biraz biderejiga boldyrebuilder | 2008-02-27 12:30:59 
 
 erbet dal, men pikirimche.
- 
                Derman
                17 years ago
                
- mana söygi diyman ey yaranlar, 
 bilimi bükendir,beynimi gemrendir,
 duygy diyman,agla diyman,agalar,
 men töweregimdakiler gülenimi görendir
 
 aytmarys sana bashga soygi barada
 galarsyn sen yeke ozin soygisiz
 duygynyn adynam tutmarys sana
 gezersin bu dunyade duygusyz.
 
 bir gun aydarsyn sen bize
 \"a, gyzlar! soygi, dine soygi\"
 bizem yatlarys sana sen dilegini
 sen dilegin \"mana soygi diyman\" diyenini
 
- 
                Derman
                17 years ago
                
 Men yeke ozim yaly bu dunyade
 Yeke ozum gulyan, yeke ozim aglayan
 Hany menin chyn dostum aglar yaly bile?
 Hany men bilen agljak we guljek adam?
 
 Yashym eyyam yigirmiden ashyk
 Kellam ishleyar chaganynky yaly
 Isleryarler menden koprak kopuk
 Men ozim gerek dine sowuk yere
 
 Alar meni sowuk yer
 Gujaklar sowuk elleri bilen
 Goyber diysemem goybermes
 Sensiz yataryn men sowuk yerde.
 
 
- 
                rebuilder
                17 years ago
                
- sagja bol derman!!..))
 adminlere yuzlenyän!!agzalaryň maglumatlary nirede?men kim bilen gürleşýänimi nädip bilmeli??)))
- 
                Harmandali
                17 years ago
                
- Men yeke ozim yaly bu dunyade 
 Yeke ozum gulyan, yeke ozim aglayan
 Hany menin chyn dostum aglar yaly bile?
 Hany men bilen agljak we guljek adam?
 
 Sen yeke dal ozun yalnyz duymasan!
 Ilin shatlygna, agysyna goshulsan
 Olar aglan wagty senem gyyylsan
 Olar gulen wagty senem begensen
 Chyn dosty taparsyn sheyle yashasan!
 - Yashym eyyam yigirmiden ashyk 
 Kellam ishleyar chaganynky yaly
 Isleryarler menden koprak kopuk
 Men ozim gerek dine sowuk yere
 Yigrimi yash heniz kyrk yash diymek dal
 Yigrimi yashdan son durmush bashlanyar
 Ilin islegine kellan agyrtsan
 Yigrimi yashynda kyrka yetersin!
 - Alar meni sowuk yer 
 Gujaklar sowuk elleri bilen
 Goyber diysemem goybermes
 Sensiz yataryn men sowuk yerde.
 
 Sowuk yere el germage gyssanma!
 Ol heniz gelmanka beydip chagyrma!
 Yasha yashan wagtyn shatlanyp yasha!
 Ertirki gun “gechdi” diyip gam chekme!
 
- 
                el_mariachi
                17 years ago
                
- name üçindir sonky günler,
 dilim öwrülenok goşgy goşmaga,
 name üçindir ejizleyar göwünler,
 yüregim gysylyar,güyç gerek mana...
- 
                Derman
                17 years ago
                
- name üçindir sonky günler, 
 dilim öwrülenok goşgy goşmaga,
 name üçindir ejizleyar göwünler,
 yüregim gysylyar,güyç gerek mana...el_mariachi | 2008-02-29 14:49:29
 
 soraglaryna jogap berjek bolaryn
 belki jogaplarym bilen seni shat ederin
 goshgy yazmaga gownun yokdur
 sebabi seni birini soyupsin. ;)
- 
                Derman
                17 years ago
                
- sebabi sen birini soyupsin
- 
                Derman
                17 years ago
                
- sen goshgularyn aydya
 \"men bir gozeli soydim\"
 \"men onsyz uklamok ne de iyemok\"
 shonun ucin sen goshgy yazanok!
 
 sen goshgularyn dine soygi barada
 alayypdyr ol sen yuregini
 name, soyenokmy ol seni
 tizrak ayday ona duygularyny!
 
 sen aydaymasan bashga biri aydar ona
 soyer ol ony gijeleri we gundizleri
 yatdan chykarar ol seni
 basymrak bol soyyen yigit.!
 
 
- 
                rebuilder
                17 years ago
                
- ýalan söýgüden näçe adam kösendi,
 menem bir wagtlar ýandym kül boldym,
 nähak ýandym..bolan boldy unutdym,
 külden galan,galdy saňa gözel ýar!
 
 ýanyşymy beýan etsem men size,
 ýüregimi aldy,gysyp kösedi
 soňam musor diýdi,zyňdy da gitdi,
 zyňylandan galan,galdy saňa gözel ýar!
- 
                Harmandali
                17 years ago
                
- Yalan soygi, yalan sozler kan bu gun
 Chyn soyginin gadry gachypdyr bu gun
 
 ýanyşymy beýan etsem men size, 
 ýüregimi aldy,gysyp kösedi
 soňam musor diýdi,zyňdy da gitdi,
 zyňylandan galan,galdy saňa gözel ýar!
 Sana musur diyene nadip gownuni berdin
 Seni aldap gideni nadip soyup oturdyn?!
 Indi sana pent boldy yone yere yanmazlyk
 Yedi olchap bir kesgin indi soyjek pursadyn!
- 
                el_mariachi
                17 years ago
                
- ýalan söýgüden näçe adam kösendi
 ------------------------------------
 yalan söygi yokdur,
 yalançy söygüli bardyr,
 söygüni hakyky gören yokdur,
 ujundan dadan ona zardyr...
 
 söygüni günaleman!!!
 
 yzy yadymda dal biryera zyndym öza
 
 
- 
                rebuilder
                17 years ago
                
- yalancy söygüli diyayeli onda şona:D mena söygin namedigine düşünmedim çynymy aytsam;)
- 
                el_mariachi
                17 years ago
                
- söygi diyilyan zat adam özüni bileli bar modadan galanok!!!
 
 belkide şuwagta cenli hiçkim hakyky söygüni gören daldir adamlar şondan hazirem yzyndadyr men pikirimçe!!!
- 
                Harmandali
                17 years ago
                
- yalan söygi yokdur, 
 yalançy söygüli bardyr,
 söygüni hakyky gören yokdur,
 ujundan dadan ona zardyr...
 Yalan soygi kan
 Yalan soyyan hem kan
 Soygini hakyky goren bardyr
 Yone bile bolanlar yokdyr
 
 Ay kelle ishlanok shu gun.
- 
                rebuilder
                17 years ago
                
- hehehe:) ohow gowja zat yazyn:D kellami garyşdyrdynyz daaaa;??:)
- 
                el_mariachi
                17 years ago
                
-  
 
 Yalan soygi kan 
 Yalan soyyan hem kan
 Soygini hakyky goren bardyr
 Yone bile bolanlar yokdyr
 
 
 
 yok yok söygi yekedir we hakdyr,
 yöne hak söygini görkezen azdyr,
 adamlar yalançy duygular hakdyr,
 duygulary görkezmek kyndyr
 bolmadan:(
 
- 
                Harmandali
                17 years ago
                
- Soygi diyilyan zat gizlin bolmaly
 Ony dine sen hem soyen gulun bilmeli
 Ol hemmanin dilinde gurrun bolmaly dal
 Ony sen hem ol bilmeli.
- 
                rebuilder
                17 years ago
                
- wah doslar söygi name?
 bolanda nä,bolmanda name?
 soyen gulun islemese?onda name?
 yok sen soyguni aytmak mana,gulsuz kyn mana!
- 
                el_mariachi
                17 years ago
                
- Soygi diyilyan zat gizlin bolmaly
 Ony dine sen hem soyen gulun bilmeli
 Ol hemmanin dilinde gurrun bolmaly dal
 Ony sen hem ol bilmeli.
 ---------------------------------
 bu diyyanin öran dogry ,
 menem on tarapdary,
 yöne söyende durup bilmeyar ynsan,
 hem gygyrmak isleyar hem müdimilik dymyar...
 
- 
                Harmandali
                17 years ago
                
- Ozune erk etmeli
 Biraz agras bolmaly
 Hemmelere gygyrman
 Dine ona aytmaly!
- 
                Harmandali
                17 years ago
                
- soyen gulun islemese?onda name? 
 Islemese biraz goreshmeli sen
 HAs bolmasa bashga gule bakmaly :)
 
- 
                rebuilder
                17 years ago
                
- ona aytdym..islemedi onda name???:O
- 
                rebuilder
                17 years ago
                
- bir yyllap şol gyz üçin göreşdim!!!bolmady welle,zordan yatdan çykardym:D indi arkayyn-la..yöne söyga hiç ynamym galmady:(:(
- 
                el_mariachi
                17 years ago
                
- Ozune erk etmeli 
 Biraz agras bolmaly
 Hemmelere gygyrman
 Dine ona aytmaly!
 ----------------------------------
 aşyk bolan her adam,
 çykgynsyz hala düşyar,
 ilki yalnyş etsede,
 sona baka göreşyar
 
 
- 
                n
                17 years ago
                
- shahyrlar, goshgy yazmasanyzlar onda nameni neshir edersiniz? a nu gelin, yazalyn!
- 
                garagum
                17 years ago
                
- hmmm... menin-a hekaya yazmakdan başym çykanok, goşgy yazmakdan hiç çykanok. siz yazyn, men okayyn :)...
- 
                el_mariachi
                17 years ago
                
- 1 yyllap yzynda ylgadym,
 semizjedim indi halys galgadym,
 yalbardym yakardym zordan yrdym
 yaşuly mana gyzyny ber:):):)
 
 problema çykarmasan,
 yrsarap,gaharlanmasan,
 tak özümem alyp gitjek,
 yada yaşuly mana gyzyny ber:)
 
 yzy uzynlay yaltanyan
 
- 
                Lider
                17 years ago
                
- Yigitler molodes oran manyly,
 Dowam edip in sonyna bu yoly,
 Jemleseniz menzar uly poyema,
 Kemi yok bir kemsiz edil gul yaly.
 
 Gosgy gorar oyunlykdan chynlykdan,
 Yada akla gelen achachanlykdan,
 Eger yazmak bilen ish bityan bolsa,
 Yer almaly bu chaka shygyr shalykdan:)
- 
                Derman
                17 years ago
                
- gyzlar berekella!
 sahypanyn gozel gyzlary
 turkmenistanyn beyik shahyrlary
 we hich hachan yadamayan gelinleri :)
 
 
 
- 
                rebuilder
                17 years ago
                
- derman : derman yigitler name? 
 hehe..yigitler sizem onaryanyzow!!=)))
- 
                Harmandali
                17 years ago
                
- Bagtly bol!
 
 Bagtly bol! Sen ona mynasyp jenap
 Bagyt deryasynda yuzup yor yaynap
 Saylan yaryn bilen, arzuwa tarap
 Ak yollar achylsyn her gun, her saher!
 
 Ynjytma gelnini, sen hem ynjama
 Iki didanizde gorunmesin yash
 Bagtly gunde, agyr gunde elmydam
 Bile bolup, bile yashatsyn Allah
 
 Gosha gumry yaljak elmydam bile,
 Gosha garramaklyk miyesser etsin
 Geljekde chagaly, agtykly bolmak
 Hemem bagtly bolmak miyesser etsin
 
 Mashgalada bolar her hili kine
 Yone olar chuna orashmasyn hich!
 Gowne degishikler bolsada hali
 Yurekde soyginiz sowashmasyn hich!
 
 Ojagyny gur sen berkden berk edip
 Her bir kerpijini yhlasly orup
 Ony yel-tupandan gorap apalap
 Bagtly ojagyny mukaddes sakla!
 
 Bagtly bol yurekden dileyan bagty
 Sen bagtly bolsan bolaryn men shat
 Gelnin uchin, ozun uchin, il uchin
 Bagtly bol, yasha sen gulup shatlanyp!
 
 :::Shu saytda gowy goryan agzam uchin shu goshgujyk :)
 
el_mariachi 17 years ago- le-mysal 
 
iki güne proyekt yetişdirmeli,
men bolsa eyyamden yaltanyan,
sonam hasaplap,birzatlar edişdirmeli,
yzyny dowam edin mena indi turyan...