Durmuşy öz bolşy ýaly kabul et! 
Durmuşy her kim özüçe düşünýär. Kimler üçin onuň lezzetleri basym 
tükenýär. Aladalar tiz ýadadýar. Ýüzleri gamaşdyrýar. Her günüň özi müň öwsüp 
duran ýaly, hamana ähli zat gussa bilen ýugrulan, kösençlik bilen garylan ýalydyr. 
Kimiň ýanynda eglenseň, derrew göwnüňe degjek bir söz suňşurar: ene-ata ýa-da 
hossar, aýal, gaýyn-guda, dost-ýar, öý, ojak, wezipe, hünär... garaz, ilteşigiň bolan 
her bir adamda ýa-da ýagdaýda lapyňy keç edýän bir zatlary taparsyň. Käte 
zyýany-zeleli hem deger. Bu duýgulardan başbitin halas bolmak üçin ýekeje ýol 
bar: şeriň howruny haýryň salkynlygy bilen öçürmeli. 
Her bir zadyň ikä bölünmegi, görnüş, topar babatda iki dürli bolmagy, haýyr 
we şer, düzüwlülik we bozuklyk, şatlyk we hesret...  islendik zadyň ýanynda onuň 
gapma-garşylygy hem bardyr. Onda sen bu durmuşa birtaraplaýyn seretme. Eger 
bir tarapyna seretjek bolsaň, onda diňe gowy tarapyna üns ber. Hakyky öz bolşuň 
ýaly ýaşa, ham-hyýallara per berme-de, nusgalyk älemlerde ganat ýaý. Dünýäni, 
durmuşy hakyky öz bolşy ýaly gör (kabul et). Özüňi durmuş bilen sazlaşykly we  
utgaşykly ýaşamaga boýun et. Bu dürli öwüşginli we öwüsginli durmuş ahyry, 
haýsydyr bir dostuň ähli ýerde göwün diýeniňçe bolman biler. Işleriň biri pikir 
edişiňçe ugrukman biler. Eger päklik, kämillik we büs-bütinlik  ýaly sypatlar her 
bir zada mahsus bolsa, onda durmuşyň duzy-gyzygy gaçar ahbetin. Hat-da söýüp-
saýlan ýanýoldaşyňam kämil bolman biler, ýöne hadyslaryň birinde "Mömin erkek 
ýanýoldaşyna käýinmesin (zeýrenmesin), onuň bir häsiýetini halamasa,  beýleki bir 
häsiýetinden razydyr" diýilýär. 
Diýmek, ýöreýän durmuş ýollarymyzy dogrulalyň. Birek-birekden uzak 
durmalyň, ýakynlaşalyň. Geçirimlilik edeliň we goldalyň. Miýesser edenini alalyň. 
Kyn düşen ýerini arkalaşyp geçeliň. Käte gözümizi ýumalyň. Haýyrly tarapynyň 
agdyk boljakdygyny bilsek, onda käbir işleri görmezlige salalyň. Durmuşy diňe 
gowy tarapyndan synlamaga endik edeliň...
Durmuşy öz bolşy ýaly kabul et
- 
                Arslanalayew
                5 years ago
                
 - dogry hemmelerem biri-birini goldasa bu dünýä jennet bolardy
 
Perhat Sabirovv 5 years ago- Hemmeler hem biri-birini goldasady!