Ja­han­keş­de

Men oňa ýo­luň çat­ry­gyn­da ga­bat gel­dim. Bu ada­myň eg­nin­de ýa­pyn­ja­sy, elin­de bol­sa, ha­sa­sy bar­dy. Onuň köp hor­luk çe­ken­di­gi ýü­zün­den bil­dir­ýär­di. Ho­şa­maý sa­lam­la­şa­ny­myz­dan soň, men oňa:
– Öýe ba­ra­ly, bi­ziň myh­ma­ny­myz bol! – di­ýip, tek­lip et­dim.
Ol yla­laş­dy. Aýa­lym we ça­ga­la­rym bi­zi bo­sa­ga­da gar­şy­la­dy­lar, ol mä­hir­li ýyl­gy­ryp, öý­dä­ki­le­re sa­lam ber­di, olar hem öýe myh­man ge­le­ni­ne be­gen­di­ler. Soň­ra bi­ziň ba­ry­myz bir­lik­de sa­ça­gyň ba­şy­na geç­dik, bu adam bi­len gür­rüň­deş bol­mak ju­da ýa­kym­ly­dy, çün­ki ol üm­süm we syr­ly­dy. Ag­şam­lyk na­ha­ryn­dan soň­ra, biz oja­gyň ba­şy­na jem­len­dik we men on­dan özü­niň ja­han­keş­de­li­gi ba­ra­da gür­rüň ber­me­gi­ni so­ra­dym. Ol bi­ze şol gi­je we er­te­si gün hem köp gür­rüň­le­ri ber­di, me­niň bu­la­ry ýaz­ma­gy­ma se­bäp bo­lan zat hem bu ak­gö­wün­li ada­myň baş­dan ge­çi­ren ajy gün­le­ri bo­lup, ol wa­ka­lar onuň ýol­çu­lyk­da to­za­na ga­ry­lan gün­le­rin­den we çy­dam­ly­ly­gyn­dan yba­rat­dy.
Onuň biz­den gi­de­nin­den üç gün soň­ra hem biz­de myh­ma­nyň gi­den­li­gi ba­ra­da duý­gy bol­ma­dy, dog­ru­sy maşgala agzalarymyzyň biri bag­da ge­zip ýö­ren ýa­ly bo­lup, hä­zi­riň özün­de ga­py­dan gi­räý­jek ýa­ly­dy.

Dür dä­ne­si

Bir moll­ýusk öz goň­şu­sy­na şeý­le di­ýip­dir:
– Me­niň içim­de er­bet agy­ry peý­da bol­dy. Maňa haý­sy­dyr bir agyr we to­ga­lak za­dyň ejir ber­ýän­di­gi­ni duý­ýa­ryn. Dog­ru­sy, men janyma jaý tapamok!
– As­ma­na we de­ň­ze öw­gü­ler bol­sun, men­de hiç hi­li agy­ry ýok. Me­niň janym tut ýaly sag – di­ýip, ikin­ji moll­ýusk öz-özün­den göw­nühoş bo­lup, ge­dem­lik bi­len dillenipdir.
Şol wagt ola­ryň gap­da­lyn­dan leň­ňeç süý­re­nip ge­çip bar­ýan eken. Ol bu­la­ryň gür­rüň­le­ri­ni eşi­dip, hiç zat­dan zeý­ren­me­ýän moll­ýus­ka ba­kyp, şeý­le di­ýen:
– Jany­ň-a ha­ky­kat­dan-da, tut ýaly sag­dyr we­lin, se­niň goň­şyň çek­ýän jeb­ri – hemmäni haýran ed­ýän owa­dan dür dä­ne­si­niň jeb­ri­di­gi­ni bi­lip goý!

Eşik

Bir ge­zek gö­zel­lik bi­len bed­roý­lyk de­ňiz ke­na­ryn­da sa­ta­şyp­dyr­lar-da, su­wa düş­me­li di­ýen ka­ra­ra ge­lip­dir­ler. Olar eşik­le­ri­ni bir gy­ra go­ýup, su­wa bö­küp­dir­ler. Bir­nä­çe wagt­dan soň, bed­roý­lyk ke­na­ra ge­lip, gö­zel­li­giň eşi­gi­ni ge­ýip, ol ýer­den ga­ra­sy­ny saý­lap­dyr. Soň­ra gö­zel­lik hem suw­dan çy­kyp­dyr, ýö­ne eşi­gi­ni tap­man­dyr. Ol eg­na­çyk­ly­gyn­dan bi­çak uta­nyp­dyr we bed­roý­ly­gyň eşi­gi­ni ge­ýip, ol ýer­den uzak­laş­mak bi­len bo­lup­dyr.
Şol gün­den bä­rem er­kek­ler we ze­nan­lar ýal­ňy­şyp, bi­ri­ni baş­ga bi­ri hök­mün­de ka­bul ed­ýär­ler.
Ýö­ne nä­hi­li eşik ge­ýen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, gö­zel­li­giň ýü­zü­ni gö­ren ba­dy­na ony ta­na­ýan­lar bar. Şeý­le hem, bed­roý­ly­gy bil­ýän­ler, ony her hi­li eşik giz­le­se-de, gö­zün­den ta­na­ýar­lar.

Ba­zar­da

Oba ýe­rin­den gül­ ýüz­li, owa­dan gyz ba­za­ra ge­lip­dir. Onuň saç­la­ry ag­şam şa­pa­gy dek bolup, leblerinde daň şa­pa­gy ýyl­gyr­ýardy. Gö­ze ýa­kym­ly nä­ta­nyş gyz der­rew ja­hyl ýi­git­le­riň gö­zü­ne ilip­dir. Kim­dir bi­ri onuň bi­len tans et­mek is­läp­dir, beýleki bi­ri bol­sa, onuň hor­ma­ty­na iç­lek­li ke­sip, mü­rähet edip­dir. Hem­me­ler oňa gö­rün­mek is­läp­dir, ýö­ne ýaş­la­ryň özü­ni alyp bar­şy gy­za ýa­ra­man, al­jy­rap ug­rap­dyr. Gyz ola­ry ýaz­ga­ryp, bir-iki sa­ny­sy­nyň du­lu­gy­na şar­pyk hem ça­lyp­dyr. Soň­ra ol ýer­den uzak­laş­mak bi­len bo­lup­dyr.
Şol gi­je ýol­da öý­le­ri­ne gel­ýär­kä, öz ýa­nyn­dan ja­ny­gyp şeý­le di­ýip­dir:
– Şeýt­se­ler, hiç ha­la­mok-da! Gö­dek, ter­bi­ýe gör­me­dik­ler diý­sä­nim. Bu­la­ryň bol­şu­ny çe­kip-çy­dar ýa­ly däl.
Wa­ka­nyň üs­tün­den bir ýyl ge­çip­dir. Bu gör­me­geý gyzyň ýadyna ba­zar we ol ýer­dä­ki og­lan­lar düşüpdir.
Şeý­le­lik­de, ol ýene-de gül ro­ýy, ag­şam şa­pa­gy dek saç­la­ry, daň şa­pa­gy ýyl­gyr­ýan leb­le­ri bi­len ba­za­ra ge­lip­dir. Em­ma, bu ge­zek ýaş ýi­git­ler, onuň ýü­zü­ne hem se­ret­män­dir­ler. Ol uzak­ly gün gür­le­män, ýe­ke özi ba­za­rda aý­la­nyp­dyr. Ikin­dä go­laý ýol bi­len öý­le­ri­ne gelýärkä öz ýa­nyn­dan şeý­le di­ýip­dir:
– Şeýt­se­ler, hiç ha­la­mok-da! Gö­dek, ter­bi­ýe gör­me­dik­ler diý­sä­nim. Bu­la­ryň bol­şu­ny çe­kip-çy­dar ýa­ly däl.

Çä­ge­dä­ki ýaz­gy

Bir adam beý­le­ki­si­ne habar atypdyr:
– Men öň­räk daş­gyn wag­ty ha­sa­myň ujy bi­len çä­gä­niň ýü­zü­ne bir zatlar ýaz­dym, adam­lar he­ni­ze çen­li ony oka­mak üçin sä­gin­ýär­ler hem-de onuň ýok bo­lup git­mez­li­gi üçin ala­da ba­ry­ny ed­ýär­ler.
– Me­nem çä­gä­niň ýü­zü­ne bir zat­lar ýaz­dym, ýö­ne ol gaýt­gyn wag­tyn­da bo­lup, deň­ziň ägirt uly tol­kun­la­ry ony ýu­wup äki­dip­dir. Aýt­sa­ňyz­laň, siz nä­me ýa­zyp­dy­ňyz? – di­ýip, ol sorapdyr.
Bi­rin­ji mähetdel etmändir:
– Men şeý­le sözleri ýaz­dym: “Men bar, men ýa­şa­ýa­ryn”. Ýogsa-da, sen nä­me ýaz­dyň?!
– Men şu­la­ry ýaz­dym: “Men di­ňe göz­ýet­mez um­ma­nyň bir dam­ja­sy”.

Fi­lo­sof we ädik­çi

Bir ge­zek bir fi­lo­sof ädik­çi­niň us­sa­ha­na­sy­na özü­niň to­zup gi­den aýak­ga­by bi­len gi­rip­dir. Ol ädik­çä ýüz­le­nip şeý­le di­ýip­dir:
– Me­niň aýak­ga­by­my be­je­rip ber­se­ňiz­läň!
– Men hä­zir baş­ga bi­ri­niň aýak­ga­by­ny be­jer­ýän, se­niň­ki­ni be­jer­mä­ge gi­riş­mez­den ozal, be­je­ril­me­li baş­ga-da aýak­gap­la­rym bar. Ýö­ne siz şu gün­lük­çe aýak­ga­by­ňy­zy go­ýup gi­diň, şu­ny ge­ýiň, er­ti­rem özü­ňi­ziň­ki üçin ge­ler­si­ňiz – di­ýip, ädik­çi oňa baş­ga bir kö­wüş uzadypdyr.
– Men özü­me de­giş­li däl aýak­ga­by ge­ýe­mok – di­ýip, filosof ga­har-ga­za­ba mü­nüp­dir.
– Sen baş­ga­la­ryň aýak­ga­by­ny ge­ýip bil­me­ýän bol­saň, nä­dip fi­lo­sof bol­ýaň? – di­ýip, ädik­çi geň ga­lyp­dyr.
– Goň­şy kö­çe­de fi­lo­sof­la­ra gaty go­wy dü­şün­ýän ýe­ne-de bir ädik­çi bar. Onuň ýa­ny­na ba­ryň, goý, ol se­niň­ki­ni hem be­jer­sin!

Ag­ta­ryş

Müň­ler­çe ýyl mun­dan ozal iki filosof Li­wa­nyň dag eň­ňit­le­rin­de bi­ri-bi­ri­ne ga­bat ge­lip­dir­ler.
– Ni­rä ug­ra­dyň? – di­ýip, ola­ryň bi­ri­si so­rap­dyr. Beý­le­ki­si oňa şeý­le jo­gap be­rip­dir:
– Men ju­wan­ly­gyň çeş­me­si­ni göz­le­ýän, me­niň bil­şi­me gö­rä, ol şu da­gyň ge­riş­le­rin­den ço­gup çyk­ýar. Meniň okan ga­dy­my ki­tap­la­rym­da bu çeş­me ba­ra­da gür­rüň goz­ga­lyp, onuň edil gül ýa­ly Gü­ne sary uza­ýan­dy­gy ba­ra­da ag­zal­ýar.
– Siz nä­me göz­le­ýär­si­ňiz?
– Men ölü­miň syr­la­ry­ny agtarýaryn – di­ýip, bi­rin­ji dil­le­nip­dir.
Iki filosof bi­ri-bi­ri­ni uly ylym­dan paý be­ril­män­lik­de, ru­hy kör­lük­de aýyp­lap, boş je­del­le­şip ug­rap­dyr­lar.
Filosoflar ses­le­ri­ne bat be­rip du­rkalar, ola­ryň de­ňin­den öz oba­syn­da sa­da adam hök­mün­de ta­nal­ýan ýo­lag­çy ge­çip bar­ýan eken. Ol iki ada­myň bir zat ba­ra­da göç­gün­li je­del­leş­ýän­di­gi­ni eşi­dip, aýak çe­kip­dir. Soň­ra ol iki­si­niň hem ge­tir­ýän de­lil­le­ri­ne gulak goýup, ola­ra golaý ba­ryp, şeý­le di­ýip­dir:
– Dost­lar, gör­ýän we­lin, iki­ňiz hem, bir fi­lo­so­fi­ýa mek­de­bi­ne de­giş­li öýd­ýän, çün­ki si­ziň iki­ňi­zem, di­ňe dür­li söz­ler bi­len şol bir zat hak­da söz açýarsyňyz. Si­ziň bi­ri­ňiz ju­wan­ly­gyň çeş­me­si­ni göz­le­ýän bolsaňyz, beý­le­ki­ňiz ölü­miň syr­la­ry­ny ag­tar­ýar­sy­ňyz. Olar as­ly­ýe­ti­ne se­re­de­niň­de, bi­ri-bi­rin­den aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, olaryň her biri ýe­ke-täk bi­te­wi zat hök­mün­de si­ziň aňy­ňyz­a or­na­şyp­dyr.
– Hoş ga­lyň, akyl­dar­lar – di­ýip, nä­ta­nyş ýo­la dü­şüp­dir. Olar­dan bi­raz arany açyp, hoş­gö­wün­li­lik bi­len gü­lüp goý­be­rip­dir.
Iki filosof sä­hel­çe wagt üm­süm­lik­den soň­ra, bi­ri-bi­ri­niň ýü­zü­ne se­re­di­şip, gül­mä­ge baş­lap­dyr­lar.
– On­da nä­me?! – di­ýip, ola­ryň bi­ri ses­le­nip­dir: – Ýör, on­da bi­le­lik­de göz­lä­li!

Ter­ji­me eden Ýe­gen­mäm­met Taý­ly­ýew,
“Za­man-Türk­me­nis­tan”.

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir