Bir ýagşyzada bilen otuz ýyl bäri tikinçilik kärini ýöredýän adamyň arasynda şeýle söhbetdeşlik bolup geçýär:
- Günäkär halyňa näme üçin henizem toba etmeýärsiň?
- Ölüm gelip ýetýänçä, entek wagt bar, toba eder ýöreris-dä.
- Sen näçe ýyl bäri tikinçi bolup işleýärsiň?
- Otuz ýyl.
- Şu wagta çenli eliň iň köp endik eden zady näme?
- Gaýçy bilen mata kesmek.
- Ölüm ýassygynda ýatyrkaň, eliňe gaýçy berseler, şonda-da aňsatlyk bilen mata kesip bilermiň?
- Şeýle kyn pursatda matany nädip keseýin?
-Otuz ýyl bäri endik eden zadyňy edip bilmejek halyňa, ölüm ýassygynda ýatyrkaň, ömrüňde bir gezegem etmedik tobaňy nädip etjek?!

"Türkmen Gündogary" gazeti

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir