Iň gözel gyzlaryň gözlerinde sen,
Hemem bägül ýaly ýaňaklarynda.
Ot ýaly oglanlaň sözlerinde sen,
Heniz syrylmadyk eňeklerinde.

Aýlanyp durşunda bu täsin dünýäň,
Arzuwyň guş bolup barşynda bar sen.
Birden-ä sen bizi güldürip bilýäň,
Birden bolsa gözümizi ýaşlar sen.

Bahar ýaprak bolup bitýäň baglara,
Güýzde gussa bolup düşýärsiň tänip.
Seň demiň düşende dag bolar para,
Sen gylyçdan ýiti, sen gülden näzik.

Aşyk-magşuk ilki gezek duşanda,
Sen bolýaň dillere mydam sözbaşy.
Bu durmuşyň gurluşynda, durşunda,
Sen duzuň tagamy, duýgyň gözbaşy.

Sen bolaňsoň ýigrenmäni öwrendik,
Sen bolaňsoň başardyk biz söýmäni.
Seň baryňda ýan berip dur kynçylyk,
Seň baryňda ýok bize hiç ynjalyk.

Sensiz şatlyk, sensiz gaýgy boljak däl,
Sensiz ynsan bolup biler düňle-de.
Biz sensiz oňup biljek däl,
Seň barlygňa şükür edýäs dünýede.

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir