Daşardaky tagta sekiniň üstünde kimdir biri ýatyrdy. Ýöne Sadap onuň kimligini bilip bilmedi.
Ol diýseň kän oturdy. Daňdana golaý ejesi Abat daýza çykdy.
—A gyz, näme işleýäň bu ýerde?—diýip, Abat daýza jaýyň düýbünde çugutdyryp oturan gyzynyň ýanyna baryp, howsala bilen pyşyrdady.—Kakaň göräýse nätjek?!
Öňem göwün maksadyna ýetip bilmän oturan Sadap gahar bilen ejesiniň ýüzüni aldy:
—Daş edewersin! Kakam görende näme, gyz! Indi arassa howada oturmagam bolanokmyşmy?! Içeriniň yssysyna çydar ýalymy, gyz! Bolşuň dagy nähili seň!
Abat daýza howsala düşer ýaly zadyň ýoklugyna göz ýetirip ynjalansoň, Sadap bolsa gaýdyp ejesi özüni yzarlamasyn diýen niýet bilen ýene hüňürdäp galdy:
—Toba! Daş edewersin! Öz öýüňde otyrkaňam bir howsala düşmek bor oguşýa!
Garaz, Sadabyň gijeki niýeti amal bolmady. Ol ukusyzlykdan ýaňa gözlerini pökgerdip, säher bilen işe ugrady. Ýolda-yzda Sylaby garawullady. Gyz maksadyny çyna tutupdy. Eger ýigit ýedi ýoluň üstünde yzyndan ýetäýse-de, onuň bilen gürleşmekçidi. Indi Sadaby töweregiň gep-gürrüňem çekindirip duranokdy. Söýgi derdi bar zady owarram edip barýardy.
Hatyny Sylaba bermek üçin Sadaba günortan amatly pursat tapyldy. Öýlän başga karta geçmelidi. Ýöne Sadap güýmeň-samaň edip, paýyny wagtynda bolmady. «Siz nahara gidiberiň, men şuny bolman gitmäýin» diýip, ol joralaryndan galdy. Otagy boldy edilen ýerleri gözden geçirip ýören brigadir Sylap Sadabyň bir özüniň işläp ýörenini geň gördümi-nämemi, onuň ýanyna ýöneldi. Brigadir bolsa-da, gyz-gelinleriň ýanynda görünmegi kän bir halamaýan Sylabyň özüne tarap gaýtmagy Sadaby galpyldatdy... «Ýa özüniňem söz aýtma niýeti barmyka?» diýip, şatlykdanmy, tolgunmadanmy, on iki süňňi bilen gagşady. Misli üşütme tutýan ýalydy.
Sylap, hamala, golaýlaşaýsa, çeňňege düşüriläýjek ýaly, taýak atymlykda badyny saklady. Ellerini owkalap durşuna Sadaba ýüzlendi:
—Goňşy, arma-da!
Sadap onuň öz adyny tutman, «goňşy» diýip ýüzlenmesini näler halamady. Gaşlaryny çytdy. Zordan:
—Bar bol!—diýip seslendi.
—Gyzlardan galypsyň welin...—diýip, Sylap töweregine ýaltaklap durşuna sypaýy gepledi.—Paýyňa ýetişmedik bolsaň, öýlän gyzlardan haýyş ederis-de, köplenişäýeris! Gaýdyber arkaýyn!
«Munuň söz aýdanyndan-a geçeýin-de, kowmasa razy bolaýyn!» diýip, Sadap kalbyna hem
kine, hem gahar duýgusyny aralaşdyryp, pikir öwürdi. Ol:
—Sylap!—diýende, ýigitden garaşany çykmanlygy zerarly tas aglapdy. Sesi endiräp gitdi:—Men bilgeşländen galdym häzir!
Ýigit mydama gussaly gözlerini tegeledi:
—O näme üçin?
—Seň üçin!—diýip, Sadap barha dogumlandy. Soňam başyna daňan ak, gülli ýaglygynyň çowuna çigen agşamky hatyny eline aldy-da, Sylaba tarap golaýlady.
Gyzyň elindäki kagyzy gören ýigit seslenmän durup bilmedi:
—Näme, düzetmeli dokument barmydy?
Gyzyň huşy başyndan uçdy. Ol dogumly ädimläp geldi-de, haty Sylabyň eline tutdurdy.
—Häziriň özünde oka-da, maňa jogap ber!—diýibem ýigitden birki ädim beýläk çekildi. Özüni ýere goýberdi. Keşiň gyrasynda oturyp, ýer dyrmalap ugrady. Ýüzüni aşak salyp, hatyň okalaryna garaşdy.
Sylap haty basym okap çykdy. Soňam ony gysymynda mynjyratdy. Jübüsinden çilim bilen otluçöp çykaryp, ilki çilim otlandy. Çilimiň tüssesiniň burugsadyp goýberensoň, otluçöpi täzeden ýakdy-da, Sadabyň hatyna degirdi. Haty elinde saklap gowy ýakdy. Barmaklarynyň arasynda saklap duran iň soňkuja böleginem ýere taşlady. Ýene otluçöp çyzyp, ýere gaçan bölejiginem ýakdy. Gara köýük bolup ýatan kagyzyň üstünden brezent ädigi bilen gum sürdi. Şondan soň bolsa, sesini çykarman, Sadapdan daşlaşmak bilen boldy. Onuň mydama-da aladaly, ünjüli ýüzüne gara bulut çöken ýaly boldy. Gussaly gözleri has-da gaýgyly bakdy. Eginleri sallanýan ýalydy. Ädim ädişi «Aýaklaryndan daş asyldymyka?» diýdirýärdi.
Bu bolşy synlap, Sadabyň ýüregi aşak gaçan ýaly boldy. Depesinden asman basyp gelýän dek darykdy. Birdenem Sylabyň aýagy bilen süren gumlaryny eli bilen eýläk-beýläk syryp, hatynyň gara köýük küllerini gysymlady-da, eginlerini silkip aglap ugrady. Agysynyň arasynda-da kimdir birine hasabat berýän ýaly: «Meni ýigrenýän eken, ýigrenýän eken» diýip, sesiniň ýetdiginden zarynlap, öwran-öwran gaýtalady.
Şu wakadan soň olar biri-birinden gaçmak bilen boldular. Sylab-a Sadabyň gözüne görünmejek bolýardy, Sadabam Sylabyň. Ýöne öz hatyny ýakany üçin gyz ýigidi ýigrenmedi. Gaýtam söýgüsi beter gaýnady. Diňe kemsindi. Özüniň söýülmänine kemsindi. Söýgüsiniň kabul edilmänine ýanyp-bişdi. Ýigidiň gözüne görünmeden gaçsa-da, Sadap Sylaby göz astyndan synlaýardy. «Barybir, söýýän, ömrüm ötýänçä söýerinem!» diýip, içinden ýigit bilen gepleşýärdi. «Meni söýmän aljak gelniňem neneň-niçik boljakdygyny görerin! Meniň söýşüm kimin seni hiç kimem söýmez!»
Aý ötdi, gün ötdi. Sylap hiç kime öýlenmedi. Ýöne oba ol hakda has aýylganç gürrüňler ýaýrap ugrady.
—Sylabyň öýlenerlik ýagdaýy ýokmuş ýaly-la!—diýşip, indiki gürrüňi pyşyrdaşyp aýdyşýardylar. Oňa hemmeleriň ýüregi awaýardy.—Çynar ýaly ýigit! Heý, şeýle-de betbagtlyk bolarmy!
Oňa bolan gynançlaryny adamlar süýji dilleri bilen ýerine salaýjak bolýardylar. Indi onuň «Sylap jan» adynyň yzyndanam her kim «balam, inim, agam» diýip ýüzlenýärdi. Onuň diýenini iki gaýtalatman bitirmäge ylgaýardylar. Hatda käbir ýukaýüregräkler brigadiriň diýjek zadyny diýmänkä, öňünden aňyp, onuň göwnüni götermäge jan çekýärdiler.
Adamlaryň beýle hoşamaýlyklary ýigidiň ýygralygyny barha artdyrýardy. Ol indi diňe gelin-gyzlardan däl, beýleki adamlaryň-da gözünden daşrakda bolanyny kem görenokdy. Öýünde öz otagyndan çykmazdy. Toý-tomga kän barmazdy. Ýöne, her zadam bolsa, sylagly adam sylagly bolýar. Dostlary ony ýalňyz galdyranokdylar. Üsti günde depeşekdi. Käte onuň diýenine bakman, ony toýa-da äkidýärdiler, üýşmelere-de.
Bu bolýan gürrüňleriň birine-de Sadap ynananokdy. «Gybatlardyr-da» diýip, göwnübir pikir öwürýärdi. Ýöne käteler özüniň hatyny otlan ýigidiň bolşuny ýatlap, birden ýüregi höpleýärdi. «Aý, ýok, ýalan gepdir» diýibem, ýene öz pikiriniň garşysyna gidýärdi.
Günleriň bir güni Sylabyň kakasy Gurban aga Sadabyň kakasy Myrat agany ýanyna çagyrdy. Kakasynyň ýörite çagyrylmagy Sadaby iňkise goýdy. «Meni soraýjakmykalar?» diýip, ilki öz aladasyny orta atyp oýlandy. Soňundanam: «Aý, ýok, meni sorajak bolsalar, ilki özleri gudaçylyga gelerdiler, türkmende beýledüzgün ýok ahyr» diýip, öz pikiriniň garşysyna gitdi. «Ýa-
da Sylap üçin gudaçylyga gitmeli maşgalanyň maslahatyny etjekmikäler?». Soňky tapan pikiri gyzyň ýüregini höpletdi. «Hut şeýledir» diýip gaýga batdy. Aglamjyrady. «Garamaňlaýdyryn-leý men...». Şeý diýibem, ol maňlaýyna telim ýola ýumruklap goýberdi.
Tä kakasy Sylaplardan dolanyp gelýänçä, aýagy oda bişen towuk kimin, iki ýana zowzuldady ýördi. Kakasy gelip, çaý soraýsa, aşhana gitmeli bolup, özüniň gep-gürrüňi eşitmän galaýmak gorkusy bilen bir çäýnek çaýam demläp, basyryp goýdy.
Myrat aga yzyna gijäniň ýarynda köwlendi. Gapydan girip barýarka-da, ol Sadaba ýumuş buýurdy:

Dowamy bar

Ogulsenem Taňňyýewa

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir