BSGG koronawirus pandemiýasynyň tamamlanjak möhletini aýtdy
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesus brifingde COVID-19 hem-de 1918-nji ýyldaky «ispan dümewi» bilen bagly ýagdaýy deňeşdirip, häzirki pandemiýanyň tamamlanjak möhletini hasaplady. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

«Biziň ýagdaýymyzda tehnologiýalaryň göwrümi giň. Uly aragatnaşyklarda wirus çalt ýaýraýar, ýöne bizde ony saklamak üçin tehnologiýalar bar. Şeýlelik bilen, bizde global we işjeň özara gatnaşyk görnüşinde kemçiligimiz bar, ýöne tehnologiýalarda üstünligimiz hem bar. Şonuň üçin biz bu pandemiýany iki ýyldan az wagtyň içinde tamamlamagy umyt bildirýäris» – diýip, Tedros Adhanom Gebreýesus aýtdy.

Öz gezeginde, BSGG-niň adatdan daşary keseller bölümçesiniň tehniki toparynyň ýolbaşçysy Mariýa Wan Kerkhowe guramanyň COVID-19-yň özgerişini kesgitlemek boýunça iş toparyny döredendigini habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, özgermäniň kesele we onuň özüni alyp barşyna nähili täsirini ýetirýändigini anyklamak üçin köpräk barlag işlerini geçirmeli.
BSGG-niň soňky maglumatlary boýunça, dünýäde 22,2 milliondan gowrak kesel ýagdaýy ýüze çykaryldy, 782 müňden gowrak adam ýogaldy.

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir