Durnaň gözi ýaly dury dünýäň bar,
Sende men bar. A meň uly dünýäm bar.
Sesiňi eşdemde, aladam sowlup,
Diňe senli pikirlere çümýän, ýar!

Söýdüň bakman artygyma, kemime,
Şärik bolduň şatlygyma, gamyma.
Ruhumy göterdiň asmana garşy,
Men söýgimi jar ederin zemine.

Iki kalbyň aýdymlarna döneýin.
Mahmal sesiñ owazyna döneýin,
Bu jahan gözüme şeýle bir eziz,
Dag-daşyna, adamlarna döneýin.

Büs-bütin ýer etdiň ýadymy, dünýäm,
Göreçleň dogamy, jadymy, dünýäm?
Didäňdäki alaw söýgidenmi ýa
Dowzahyň birehim odumy, dünýäm?

Gülseň, ýüregimde gyzyl gül biter,
Göreçleň peýkam deý içimden öter.
Mundan kemem, artyk söýgem gerek däl,
Şu söýgiň, ezizim, ömrüme ýeter!

Nowça

Bilim, 12 tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir