ALTYNJAN HATYN

Altynjan hatyn asly Horezmden bolan türkmen zenanydyr. Tagtaly bir ýaşulynyñ aýdyşyna görä, ''Seljuklylaryñ hökümdarlarynyñ biriniñ aýaly Altyn Yzmykşir şäherindenmiş''. Eger-de, bu gürrüñe salgylanyp, gürrüñi edilýän zenan Altyny Altynjan hatyn hasap etsek, Altynjan hatynyñ doglan ýeriniñ Zamahşar şäheri-de bolmagy ähtimal.
Altynjan hatyn ilki Horezm şalarynyñ birine durmuşa çykypdyr. Ýöne, olara uzak ýaşaşmak miýesser etmändir, adamsy aradan çykypdyr, Ibn Tañryberdiniñ maglumatlaryna görä, Altynjan hatynyñ Anuşirwan atly ogly-da birinji adamsyndan eken.
Togrul beg Türkmen, türkmenleriñ taryhynda örän möhüm orny bolan, Beýik Seljuk Türkmen döwleti diýlip atlandyrylan ägirt uly nesilşalygynyñ ilkinji resmi soltanydyr. Togrul beg Türkmen guran döwletine 1038-nji ýyldan başlap, 1063-nji ýyla çenli hökümdarlyk edipdir. 1040-njy ýylda soltanlyk derejesini alypdyr. Gündogaryñ we günbataryñ soltany ady berilen Togrul beg Türkmeniñ iñ meşhur hanymlarynyñ biri Altynjan hatyndyr .
Gözel, owadan, arassa ahlakly, edep-ekramly, örän medeniýetli dul zenan baradaky gowy habarlar Togrul beg ibn Mikaýyl ibni Seljugada baryp ýetipdir. Togrul beg Türkmen öz ýakynlaryndan wezir Amidul Mulk el-Kundurini bu dul galan şa aýalyna öýlenmek isleginiñ bardygyny duýdurmak üçin Horezm ülkesine iberipdir. Öz razylygy bilen hem Altynjan hatyn Seljuklaryñ köşgüne gelipdir. Şondan soñ ol uly dabara bilen öýlenen Togrul begiñ iñ ynanan we iñ gowy gören aýallarynyñ biri bolupdyr.
Altynjan hatyn Seljuklaryñ köşgünde gowy häsiýetleri bilen özüni aldyrypdyr. Ol ynsaply, akylly, mertebeli aýallygyndan hem başga, biline gylyç dakyp, at münmäni-de başarypdyr. Gerek ýerinde goşuna serkerdelik etmegiñ hem hötdesinden gelipdir. Arslan ýürekli bolanlygy üçin, soltanyñ onuñ bilen döwlet işlerini ara alyp maslahatlaşan wagtlary-da az bolmandyr. Togrul begiñ Altynjan hatyna bolan garaýşyna belet başga döwletleriñ hökümdarlary-da bu zenany örän hormatlapdyrlar. Wizantiýa imperatory hem Togrul begiñ ýanyna ilçi ýollanynda, bu mertebeli türkmen zenanyna örän gymmatly sowgatlary ýörite iberipdir. Ol Altynjan hatyndan iki ülkäniñ arasynda parahatçylykly aragatnaşygyñ bolanlygy üçin Togrul beg Türkmene täsir etmegini haýyş eipdir.
Altynjan hatyn Beýik Seljuk Türkmen döwletiniñ abadan galmagynda örän möhüm orny eýeläpdir. Ol döwletiñ üstüne abanan howplardan watany goramak üçin ata çykypdyr. Onuñ äriniñ hökümdarlyk edýän döwletini goramak üçin eden hyzmatlary ägirt uludyr. Togrul begiñ doganoglan jigsi Ibrahim Ýynal bir gezek soltanyñ Bagdatda bolandygyndan peýdalanyp Seljuklar döwletiniñ patyşalygyny ele geçirmek üçin baş galdyrypdyr. Togrul beg bu gozgalañy basyp ýatyrmak üçin ata çykypdyr. Emma ýesir düşüpdir.
Bagdatda Halyf başlyklaýyn her kim başagaýlyga düşüpdir. Togrul begiñ tejribeli weziri Amidul-Mulk el-Kunduri hem näme etjegini bilmändir. Hatda Halypa Altynjan hatynyñ ogly Anuşirwany ''soltan'' diýip yglan edipdir. Muny Amidul-Mulk hem goldapdyr. Sebäbi Seljuklar; döwletine hökümdar gerekdi.
Wezirleri we ýokary derejeli bolan emeldarlary aljyradan kyn ýagdaýdan sowukganlyk bilen çykyp biljek we näme etmelidigini örän gowy bilýän diñe ýesir düşen soltanyñ wepadar aýaly Altynjan hatyndy.
Bu mert türkmen zenany derrew herekete geçipdir. Türkmen döwleti üçin janyny berjek harby adamlary ýanyna çekip, uly bir goşun toplapdyr. Biline gylyç dakynyp, ata çykypdyr. Bu hetekete garşy çykan wezir el-Kundirini ýanyndan kowupdyr. Soltan diýlip yglan edilen ogluny zynjyrlapdyr. Soñ uly goşun bilen gelip, öz adamsy Togrul begi ýesirlikden boşadypdyr. Şeýdip, beýik Seljuk Türkmen döwletini öz içindäki gapma-garşylyklardan halas edipdir.
Bu waka türkmen taryhynyñ iñ täsin hem guwandyryjy wakalaryndan biridir. Türkmen zenanyñ gahrymanlygy öz milletiniñ ýokary derejä ýetmegi, bu ägirt döwletiñ abadanlygy üçin öz bagryndan önen ogluna zynjyr urmagy başaranlygynda we türkmen zenanyna mahsus bolan ärine wepadarlygyndadyr.
Ol ölüm ýassygynda ýatyrka hem Seljuklar döwletiniñ abadan bolmagy hakynda alada edipdir. Beýik türkmen alymy ibn Tañyrberdi Altynjan hatynyñ şahsyýeti barada şeýle ýazypdyr: ''Altynjan hatyn Allatagala ynanan imanly bir zenandy. Adamsy (Togrul beg) onuñ sözüni diñlärdi, oña maslahat salardy. Gerek ýerinde bu zenan goşunyñ başyna geçip, buýruk bererdi we eli gylyçly söweşe girerdi''. Dogrumy, ýalñyşmy belli däl, emma Abul Ferej şeýle ýazypdyr: ''Soltanlygyñ ähli işlerini bu hatyn edipdir''.
Altynjan hatyn hijri senesiniN 452-nji ýyly (1060-njy milady ýyly) Jurjan şäherinde keselläp aradan çykypdyr. Onuñ ölüm ýassygynda ýatyrka Togrul bege aýdan sözi örän meşhurdyr.
''Halyfyñ gyzyna öýlenmek üçin näme eliñden gelse et, Halyfyñ gyzyna öýlenmek bilen, bu dünýädäki işleriñ we ahyrýet işleriñ rowaç bolar''. Bu sözlerden başga-da bütin malyny-mülküni näme baýlygy bar bolsa ähli zadyny Togrul begiñ indiki öýlenjek aýaly bolan Halyfyñ gyzyna berilmegini wesýet edipdir. Şunuñ netijesinde Sapar aýynyñ 15-i güni (1062-nji ýylyñ fewraly) Halyfyñ gyzy Seýýide hatyn atasy öýünden alnyp, Seljuklaryñ köşgüne getirilipdir we uly toý tutulyp Togrul beg Türkmene durmuşa çykarylypdyr.



Öwez GÜNDOGDYÝEW

''TÜRKMEN ZENANLARYNYÑ TARYHY KEŞBI''
Aşgabat ㅡ 2013.

Kitapcy.com

Bilim, Jeksparro tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir