Essalowmaleykim dost, doganlar! Bu gün ünsüñizi kän bir global bolmadyk şeýlekin beden we ruhy saglygymyz baradaky internet sahypasyndan okan maglumatlarmy siz bilen paýlaşmakçy.
SEMIZLIGIŇ DEREJELERINI NÄHILI ANYKLAMALY?
Semizligiň derejelerini anyklamaga kömek edýän dürli usullar işlenilip düzülen bolsa hem, semizligiň derejesini bedeniň agramynyň indeksi boýunça kesgitleme has ýörgünli bolup, ol bütin dünýäde ulanylýandyr.
Hasaplama şeýle çeçirilýär: bedeniň agramy (kg) / boýuň inedördül metri. Bu formula boýunça beden agramynyň indeksini kesgitläp, aşakdaky tablisanyň kömegi bilen netije çykaryp bilersiňiz:
Beden agramynyň indeksi
Adamyň agramynyň boýuna bolan gatnaşygy
16 we ondan pes
Beden agramynyň aşa ýetmezçiligi
16-18,5
Beden agramynyň ýetmezçiligi
18,5-24,9
Kadaly beden agramy
25-29,9
Beden agramynyň artykmaçlygy
30-34,9
Semizlik I dereje
35-39,9
Semizlik II dereje
40 we ýokary
Semizlik III dereje.
"Dogrusy şulary nädip hasaplamalydygyny menä düşinmedim eger düşinenler bolsa teswirde bizede öwretse minnetdar bolardyk!"
BOÝUŇ ÖSMEGINI NÄHILI TOGTATMALY?
Boýuň ösmegi nesil yzarlaýjylyk häsiýete hem eýe bolup, elbetde boýuňyz ene-ataňyzyň boýlarynyň görkezijilerine görä ösüp biler.
Adamynyň boýy beýnidäki gipofiz mäziniň öňki böleginiň işläp çykarýan somatotrop gormonynyň täsiri bilen ösýändir. Nesil yzarlaýjylyk sebäpler bolmanda, bu gormon beýniniň şikeslenmelerinde, gipofiziň täze döremelerinde aşa köp işläp çykarlyp biler.
Ýörgünli bolan pikirlere görä, boýuň ösmegini togtatmak üçin berhiz tutmak, kalsiý mineralynyň kabul edilşini çäklendirmek dogry hasaplanýar. Ýöne bu beýle däldir.
Boýuň ösmegini togtatmak maksady bilen testosteron gormonyny belleme çäresi hem geçirilýär. Ondan başga-da, sport bilen meşgullanyp, myşsalary türgenleşdirme hem maslahat berilýär. Şeýle edilende, biz gormonyň täsirini bedeniň "ýasylaýyn ösmegine" tarap öwürýäris we boý uzyn bolup görünmeýär.
Boýuň aşa ösmeginiň sebäbini anyklamak üçin endokrinolog lukmanyna ýüz tutmak zerurdyr. Ol siziň gormonal durkuňyzy öwrenip, boýuň ösmeginiň sebäplerini anyklamaga we degişli çäreleri kesgitlemäge kömek edip biler.
TISGINMÄNIŇ SEBÄPLERI
Hereket wagty ýa-da asudalykda myşsalaryň erksiz, tertipsiz ýygrylmagy netijesinde tisginme döreýändir. Oňa lukmançylykda "miokloniýa" diýilýär. Gorkma netijesinde, ukuda döreýän tisginme başga çynlakaý sebäpler bolmasa kada hasaplanýar. Köplenç myşsalaryň ýygrylmagy daşdan täsir edýän bir gyjyndyrma berilýän jogap höküminde ýüze çykýar, meselem, ýagtylyk, gaty ses, duýdansyz elleme. Myşsalaryň dowamsyz ýygrylmagy howsalaly ýagdaýlarda, hynçgyrmada, aşa fiziki agramlylykda hem döräp bilýändir.
Eger tisginme hiç hili sebäpsiz, ýygy ýüze çykýan bolsa, onda onuň sebäbini gözleme wajyp bolup durýandyr. Dürli-dürli myşsa toparlaryň dürli ýygylykda ýygrylmagy beýniniň zeperlenmelerinde (täze döremeler, ensefalit, amiloidoz, leýkodistrofiýa, gematohromatoz), beýni gan aýlanşygynyň bozulmalarynda, beýniniň şikeslenmelerinde, ganda glýukozanyň, natriý mineralynyň peselmeginde, derman serişdeleri bilen zäherlenme bolanda, ýokary temperaturanyň täsiri bilen ýüze çykyp bilýändir.
Sizde döreýän tisginmäniň sebäbini anyklamak üçin lukmana ýüz tutup, degişli barlaglary geçmek peýdaly bolar.
ÝAŞLARDA IŞSIZLIK WE RUHY SAGLYK
Awgust 12 – Bütindünýä Ýaşlar Güni
Ruhy saglyk – bu adama öz potensiýalyny görkezmäge, stresi ýeňip geçmäge, öndürijilikli zähmet çekmäge we jemgyýete peýdaly goşant goşmaga mümkinçilik berýän ruhy we sosial abadançylyk ýagdaýydyr. Adamyň durmuşynyň ähli bölegi onuň ruhy saglygyna täsir edip bilýär.
Ýaşlaryň işsizligi näme?
Ýaşlaryň işsizligi – bu 15-24 ýaş arasyndaky işe ukyply adamlaryň işsiz galmagydyr. Dünýä ýüzünde ýaşlaryň işsiz galma howpy ulularyňkydan üç esse ýokarydyr. 2017-nji ýylda ýaşlaryň global işsizligi 13% ýetdi. Ýaşlaryň ençemesi az aýlykly, durnuksyz ýa-da resmi däl işleri edýärler.
Ýaşlaryň işsizligi we ruhy saglyk ylmyň gözi bilen
Dürli döwletlerde alymlar işsizligiň adam saglygyna ýetirýän täsirlerini derňäp öwrenýärler. Meselem, Amerikada geçirilen bir ylmy barlagyň netijeleri işsiz ýaşlaryň işleýän ýaşlardan 3 esse ruhyçökgün bolýandyklaryny görkezýär.Şwesiýada we Belgiýada geçirilen barlaglara görä hem, işsizlik ýaşlaryň ruhy saglygyna ýaramaz täsir edýär.
Sebitimizde ýaşlaryň işsizlik ýagdaýy
Ýewropada we Merkezi Aziýada ýaşlaryň işsizlik görkezijisi (15.7%) dünýä boýunça umumy görkezijiden (13.8%) has ýokarydyr. Şeýle-de bolsa, sebitde ýaşlaryň işsizligi 2012-nji ýyldan bäri her ýyl peselip gelýär. Ýene bir bellemeli zat, sebitde işlemeýän, okamaýan, we iş türgenleşigini geçmeýän (NEET) ýaşlaryň içinde gyzlaryň sanynyň (17.1%) oglanlardan (12.8%) dört göterim köp bolmagydyr. Dünýä ýüzünde welin, işlemeýän, okamaýan we iş türgenleşigini geçmeýän her 3 ýaş adamyň ikisi gyz maşgaladyr.
Bütindünýä Bankynyň 2019-njy ýyldakyhasabatyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýaşlaryň işsizlik derejeleri: Türkmenistanda 8.3%, Gazagystanda 3.9%, Gyrgyzystanda 14.4%, Özbegistanda 11.6%, Täjigistanda 20.8%.
UNICEF-iň 2019-njy ýyldaTürkmenistanda geçiren ýaşlaryň ýagdaýlaýyn analizine görä:
↪ Türkmenistanda 65 ýaşdan ýokary adamlaryň sanyndan çagalaryň sany has köp. BMG-nyň çaklamalaryna görä, ýurtda 10-29 ýaş aralygynda iki milliondan gowrak adam bolup, olar tutuş ilatyň 40 göterimini düzýärler.
↪ Türkmenistanda 15-24 ýaşly aýallaryň 57.5% kompýuter ulanyp bilýär we 39.3% internet ulanýar. 15-49 ýaş aralygyndaky aýallaryň jemgyýetçilik mediýasyndan (gazet, radio, telewizor) peýdalanýanlary 20.7%.
↪ Bilim üçin edilýän jemgyýetçilik çykdajylary 2014-nji ýyldaky 4.9 göterimden 2016-njy ýylda 3.3 göterime düşdi. Bu bolsa, bilim sektoryny maliýeleşdirmegiň pugtalaşdyrylmalydygyndan habar berýär.
↪ Ýokary okuw jaýlarynda okaýan ýaşlaryň sanynyň köpelendigine garamazdan, ýokary okuwa bolan talap heniz hem doly berjaý edilip bilinmeýär. Bu bolsa köp talyplaryň ýokary bilimi daşary ýurtlarda almagyna sebäp bolýar.
↪ Barlagnama gatnaşan talyplaryň üçden bir bölegi durnukly, pensiýa güwä geçýän döwlet wezipelerinde işlemek isleýändiklerini aýtdylar. Bu töwekgelçilik edip, öz biznesini başladasy gelýänleriň örän azdygyny görkezýär.
↪ 2015-nji ýylda täze döredilen işleriň sanynyň 10,897-den 2020-nji ýyla çenli 92,984-e ýetmegine garaşylýar. Emma, iş gözleýän adamlaryň sany hem 2014-nji ýylda 78,200 bolan bolsa, 2015-nji ýylda 80,300 ýetdi.
↪ Iş gözleýänleriň 49.4 göterimini 18-29 ýaş aralygyndaky ýaş adamlar düzýärler. Şeýle-de, iş gözleýän dalaşgärleriň köpüsiniň (58.2%) diňe başlangyç bilimi bolup (orta mekdebi gutaran ýa-da gutarmadyk), hiç hili ýörite bilimi ýa-da iş türgenleşigi ýok.
Çeşme: saglyk.org
"Her ýerden bir okan bolsañyzam özüñize gerekli maglumat alyp bilensiñiz diýip umyt edýän. Semizlik häzirki prablemalardan ýaña igledýän zamanamyzda känbir mesele däl. Boýyñ ösmegini togtamak diñe maña degişli maslahat bolaýmasa, poýuza münemde wagonlañ küpesine eñlip girmesem degýä. Öz boýumy reklama eden ýaly boldumam welin bu hakykat. Tisginmek barada gürlemegem gerek däl(неважный). Işsizlik meselesini çözmek üçin işi kagyzbazlyk we býurokratiýany ýatyrmakdan başlamalymyka diýýän."
Jeksparro 4 years ago- Ylgamaly. Pres kaçaet etmeli...semizligiñ emi yomy şol