"Bawariýa" "Barselonany" 8:2 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykdy
Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda “Bawariýa” "Barselonany" 8:2 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň her ýarymy birmeňzeş - 4:1 hasap bilen tamamlandy.

Katalon kluby ýewrokubok duşuşygynda ilkinji gezek şeýle köp pökgini öz derwezesinde gördi. Sports.ru-nyň habaryna görä, mundan öň toparyň iň uly ýeňlişi (6:2) 1962-nji ýylda "Walensiýa" bilen geçirilen ýarmarka kubogynda bolupdy. "Barselona" Çempionlaryň kubogynda we UEFA Çempionlar ligasynda öz derwezesine her oýunda dörtden köp pökgi geçirtmändi.
Duşuşykdaky pökgüleri nemes toparyndan Mýüller (dubl), Perişiç, Gnabri, Kimmih, Lewandowski tora girizdi we soňky iki pökgini katalon klubynyň öňki oýunçysy Filipe Koutinýo öz adyna ýazdyrdy. "Barselonanyň" gollarynyň birini oýnuň birinji ýarymynda Alaba öz derwezesine girizdi, şeýle hem 57-nji minutda Suarez hasaby 2:4-e ýetirip, topardaşlarynda umyt döretdi.
19-njy awgustda Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda Hans-Diter Fligiň şägirtleri "Mançester Siti" - "Lion" duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir