Aşgabadyň ýollarynda ornaşdyrylan ulgam ulaglaryň ortaça tizligini anyklaýar
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, Aşgabadyň çäginde ulag serişdeleriniň ortaça tizligini anyklaýan ulgamyny ornaşdyrdy.

Turkmenportalyň habar bermegine görä, ulgam ulagyň iki sany tizlik ölçeýji enjamyň aralygyndaky ýoly näçe wagtda geçendigini ölçeýär. Şol wagt we aralyk esasynda hem ulagyň ortaça tizligi hasaplanylýar.
Iki nokadyň arasynda bellenilen hereket tizligi artdyrylan halatynda ulag serişdesiniň eýesi awtomatlaşdyrylan düzgünde Türkmenistanyň «Administratiw hukuk bozulmalary hakynda» kodeksiniň 214-nji maddasy esasynda degişli jogapkärçilige çekilýär.
Mundan başga-da, ornaşdyrylan ulgam ýol hereketiniň kadalarynyň beýleki bozulmalaryny hem ýüze çykarýar. Mysal üçin, howpsuzlyk kemerini ulanmak kadalaryny bozmak, iýip-içmek, telefonda gürleşmek we ş.m.

Tehnologiýa, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir