Wahh dünýämize sygmadyk gyz, ýigrimsine dolmadyk gyz...

Sen Muhammet s.a.w pygamberiñ ymmaty bolup doguldyñ, şonda ene-atañy nähili guwandyranyñy bir bilsediñ, ah bilmediñ. Asyryñ başynda sentýabryñ on altysyna perişde ýaly gyz bäbek bolup dünýä indiñ. Mollanyñ şaýatlygynda bagty aý ýaly ýagty, görki gül ýaly gözel bolsun diýip adyña Aýgül dakdylar. Ene-atañ üçin aýdyñ sen gündiñ sen, asman hemem zemindiñ. Wah gara göz maşgalaña körpediñ sen. Iki agañ iñ ezizleýänidiñ, ýeke uýañ ýalñyz gözmonjugy, syrdaşy, göwündeşidiñ sen. Wahh dünýämize sygmadyk gyz, ýigrimsine dolmadyk gyz.
Bilýäñmi seniñ ortanjy agañ gullukdaşy hem ýakyn dostydym men. Seni bolsa ilkinji sapar uly agañ toýunda göripdim. Şonda, ýañy on dokuz bahary gören eýjejik gyzdyñ. Şonda şeýlebir bagtlydyñ, şeýlebir şadyýandyñ, şeýlebir alçakdyñ welin dünýa gaýgy gamlary seni görip utanjyndan gyra çekiläýjek ýalydy. Wahh dünýämize sygmadyk gyz, ýigrimsine dolmadyk gyz.
Senem meni ilkinji sapar göreniñe garamazdan aga diýip ýüzlenýärdiñ, agañ gurban bolup bilmedi seniñ güler ýüziñe. Ýadyñdamy toýda: "Nähili galstuk daksamkam" -diýip, ikilenip sorapdym. Sen bolsa: "aga Ine şul kepelek galstugy dakaý" -diýipdiñ. Menem şol galstugy dakyp görip "Şu durşyma toýa barsam meni ofissantmyka diýip, elime stakan tudyryp, doldyryp gel diýerlerdä" -diýenimde, şeýlebir gülipdiñ welin ýylyñ dört paslyny gülkiñde gören ýaly boldum. Onsañ toý boldy, toý bolanda-da şatlykly, şowhunly toý boldy. Menem bir stolda otyrkam, ejeñ bilen kakañ menem özleriniñ bagtyna şärik etjek bolup tansa çagyrdylar. Aljyrap tansa çykdym. Özim uzyn, boýy derek oglan bolanym üçin, tans oýnaýşymam bir tüýsli, özime gelşip baranokdy. Şonda hem meni görip joralañ ýanyndan gaýdyp meniñ bilen oýnapdyñ sen. Seniñ gözel görkiñ, tämizligiñ, şadyýan oýnaýşyñ bilen meniñ bi gelşik tansymyñ üstini ýapypdyñ. Wahh dünýämize sygmadyk gyz, ýigrimsine dolmadyk gyz.
Toýam soñlandy. Ýanymdaky Begenç diýen dostum bilen hyzmata durdyk. Begenç suw daşaýardy men bolsa elimde kepgir bilen myhmanlara nahar gyzdyryp, ýene bir tarapdan samowarda çaý gaýnadýardym. Gelim gidim, çäýnegi tapyp gapagyny tapman ýören gelinler. Aýakgabyn ikinji taýyny tapman ýören adamlar, ala başagaýlyk garaz oba toýunyñ bar gyzygam şol zatlardady. Sen bolsa yzyny üzmän çaý gatnardyñ ýanymdan. Hiç ýadymdan çykanok seniñ howlugyp gelşiñ, meniñ bolsa aljyrap dökip saçyp çaý demleýşim. Şeýlebir gözeldiñ sen, ulydan-uly bagta mynasypdyñ sen. Wahh dünýämize sygmadyk gyz, ýigrimsine dolmadyk gyz.
Aradan günler geçip meniñ dilimiñ ujyna getirip, emma aýdyp bilmän oturan waka bolan günlerne geldik. Edil şol gün Gurbanlykdan bir gün öñ Haýt güni sagat 18:11 de agañ bilen telefonda gürleşipdim, gürrüñimiz oýun gülkä ýazyp ikimiziñem keýpimiz göterilip, hemme zat gülala güllikdi. Al saña näme boldy şol gün? Haýsy gadyrsyz zatlar üçin ýüregiñ gyýyldy? Kimler degdi gözel göwniñe? Näme sebäpden ene-atañy, maşglañy oýlaman, Allanyñ beren ömrini ýene-de özi alaryna garaşman, güliñ eýjejik ýapragy ýaly näzejik boýnuñy näme üçin ezraýylyñ ýüpine dözdiñ? ((Gara göz uýam, sen şol gün näme üçin öziñi asdyñ?(( Ene-atañ, dogan-gardaş aglady. Seni tanaýanlar, goñşy golamlar, joralaryñ aglady. Belki aý-gün, asman-zemin aglady. Dogrusy saklanyp bilmedim, menem agladym. Näme sebäp boldy bilmedim, emma ýakyn dostumyñ dogany öz doganym ýaly eý görýänim Gurbanlykdan bir gün öñürti otuzynjy i��ul güni ýigrimsine hem dolman dünýa bilen hoşlaşdy. Dünýä özinden gözel dünýäni sygdyrmady goýnuna. Habary eşiden wagtym üstimden gaýnan suw guýylan ýaly boldy, güñ bolup galdym. Perişde ýaly gyzdyñ sen. Türkmen ar-namysynyñ, gözelliginiñ we söýgüsiniñ tymsalydyñ sen. Bir gerçek oglanyñ törini bezejek, ömrüni bezejek gelin bolmalydyñ sen, şirinden-şeker perzentlere ene bolmalydyñ sen. Wahh dünýämize sygmadyk gyz, ýigrimsine dolmadyk gyz.
Gözimden akan ýaşlar deýin ýere siñip gitdiñ. Ýagyşdan soñky çykan älem goşar deý dünýamizi bir pursatlyk bezäp gitdiñ. Ýylgyrşyñ bilen, näziñ bilen gör kimleriñ ýüregini armanlara dözip gitdiñ. Ene-atañ, maşglañy gör nämeler üçin, gaýgy gam, hasratlara goýup gitdiñ. Oýlanyp-oýlanyp ahyryna ýetip bilmedim. Güneş nury bilen zemini ýagtyldyşy ýaly, görki, görnügi, edebi bilen durmuşyndaky ynsanlary bagtyna bagt goşup bilaýjek ynsan haýsy näletsiñen gaýgy, alada üçin ��zini çykalgasyz hala saldyka? Haýsy näletsiñen hala düşip ýañy bir durmuş ýolunyñ başlangyjynda bu dünýäni terk etmegi özine çyklaga bildikä? Ýa şol kör söýgi sebäpmikä, nahili oda ýanmyş söýgikän ol çäksiz söýgini öldiren. Ýa göz-dil, doga sebäp bolaýdymyka?! Wahh dünýämize sygmadyk gyz, ýigrimsine dolmadyk gyz.
Bilmedim, ýalñyş gümanlanyp boýnuma güna almaýyn. Emma hernäme sebäp bolanam bolsa kyýamat güninde jogabyny berer, bedelini tölär, belki kyýamata hem galmaz. Gijelerne käte oýanyp gitsem sen düşýärsiñ ýadyma. Daşary çykýan uly il, ähli adamzat, zemin parahat ukyda. Ýene sanalgy sagatlardan gün ýaşar, zemin oýanar, ýene gyzgalañly durmuş. Herkimiñ öz derdi, aladasy bar, kimler halala ylgar, kimler bolsa harama. Sürijiler rola müner, pekarnydakylar tamdyra ot salyp hamyra başlar, dükançylar dükanyn açar, bloggerler ýene internede başlar. Okuwçylar, talyplar ýene bilim ýolunda sersan, işgärler işe çykar, daýhanlar daýhançylyk bilen, maldarlar çopançylyk bilen. Lukmanlar hassa bilen, ýazyjy şahyrlar ýüreginde gussa, elinde bolsa kagyz galam bilen. Bir söz bilen aýdanda durmuş ýene öz ýolunda dowam eder. Emma şol durmuşyñ owadan, bir näzejik bölegi ýok indi. Gözel gözlerde, gözel ýüzlerde, owadan bahar ýylgyryşlarda öñkilikden bir san az indi. Öz ýüziñden bir neresse ykbaly azaldyp maksadyña ýetdiñmi durmuş?! Bir gözeli bagryña alyp indi bir goýnuñ doldumy ene ýer?! Bir näzenin ýüregi kemedip ndi göwrimiñ giñedimi asman?! Wahh dünýämize sygmadyk gyz, ýigrimsine dolmadyk gyz.
Öten agşam düýşimede giripsiñ sen, ýüz keşbiñi anyk gördim maña bakan ýylgyrýardyñ, menimçe sen bagtlydyñ. Düýşimde ýylgyranyñy görip ýüregim azjyk tesselli tapan ýaly boldy. O dünýede bolsañ hem düýşime girip ýylgyryp begendireniñ üçin men senden minnetdar. Sen meniñ ýüregimde ömürlik ýaşarsyñ uýam, indi wysal görüşmek kyýamata galdy. Her näme bolsada ýazgyt işidir, kaýyl bolmakdan başka çäre ýok. Ilki başdan gitmek üçin gelendiris jahana. Allahym ýatan ýeri ýagty, jaýy jennetlerden bolsun. Yzyndakylara sabyr-takat, güýç-kuwwat bergeýsiñ. "Bugun göreniñ ertir ýok" diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Şonuñ üçin gadyrly uýalar, doganlar we gardaşlar ählimiz şeýle zatlarda ägä bolalyñ, bäş günlik ýalançyda birek-biregiñ göwnine degmäliñ. Bir ýakyn ynsanymyñ köp ulanýan gepi bardy "Iñ esasysy bir birimiziñ kalbymyzda gowy ynsan bolup ýatda galmak" diýen pikrinden ugur alyp ýaşasak nädogry bolmaz. Hiç haçan öz haram nebsimizi wyjdanymyzdan üstin goýmalyñ. Goý kyýamat güninde hiç birimiziñ ýüzimiz gyzarmasyn...


08.08.2020 10:28

✏mrokas "durmuşda başdan geçirenlerim!"

Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir