Sportuň islendik görnüşiniň hem saglyga peýdalydygy biziň hemmämize mälimdir. Ýöne şonda-da, köpimiz sporty çalasynlyk, çakganlyk, çeýelik, bir söz bilen aýdanyňda, hereket bilen baglanyşdyrýarys. Şeýle gyzykly hem bedeni taplaýjy sport oýunlarynyň biri-de bilýarddyr. Bilýarda «Höwesjeňleriň sporty» hem diýýärler. Muňa garamazdan, hünärmenler bilýard sportunyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň aýrylmaz, özem professional sportundan birjik-de pes bolmadyk bölegine öwrülendigini aýdýarlar. Çünki höwesjeňler sporty öz hatarynda sport bilen haýsydyr bir hajaty nazarlap däl-de, hut höwes edip meşgullanýanlary bir ýere jemleýär. Şeýle edilende, sport türgenleşikleriniň peýdasy-da ep-esli ýokary bolýar. Eýsem, bilýardyň saglyga nähili peýdasy barka?! Bilýard oýny bilen uzak ýyllar bäri meşgullanýanlary diňleseň, bu oýnuň nerw ulgamyna rahatlyk berýändigini aýdýarlar.
Bilýard oýnaýanyň edýän hereketi myşsalaryň dürli toparlaryny emaý bilen owkalan ýaly edýär. Myşsalaryň gezekli-gezegine dartylyp gowşadylmagy olaryň çeýeligini artdyrýar, adamyň hereketlerini ykjamdan tygşytly, gujurly edýär. Bilýard oýny gözleriň ýitiligini artdyrýar, görüjiligini ýokarlandyrýar. Saýlanyp alnan nyşany urmazdan öňürti, oýunçy ony birnäçe minutlap peýleýär, nädip, haýsy burçdan, nähili güýç bilen uranda oňat boljakdygyny öz ýanyndan çaklaýar. Şeýle ýagdaýda oýunçynyň göz myşsalaryna düşýän agramy birnäçe esse artýar. Şeýlelikde, gan akymy güýçlenýär we göz myşsalary berkeýär. Mundan başga-da, oýunçy saýlan nyşanasyny uran badyna, tigirlenip barýan şarlaryň her birisiniň ugruny heniz düşmeli hanasyna baryp ýetmänkä, nazary bilen yzarlamaga çalyşýar, bu bolsa, adamyň göz almalary hem oýun şarlarynyň hereketlenen ugruny we ýoluny bolşy ýaly gaýtalamagyna getirýär. Munuň özi göz myşsalarynyň çeýeligini ýokarlandyrýar. Üstesine-de, bilýardyň üstüni örtýän matanyň ýaşyl reňkiniň özi hem gözlere ýakymlydyr we nerw ulgamyna bejeriji täsir edýändir.
Bilýard täsin hem gyzykly oýundyr. Ol oýunça bir wagtda hem paýhas, hem erk, hem beden taplygyny ýüze çykarmaga, olary ösdürmäge kömek edýär. Oýnaýan wagty adam bilýard stolunyň daşyndan durman diýen ýaly aýlanýar, özem oýna gyzygyp durşuna muny köplenç duýmaýar, ondan ýadamaýar. Oýnuň 1-2 sagatlap dowam edýän bir döwrüniň dowamynda ol 2 kilometre golaý aralygy geçýär. Bu aýdylanlardan ugur alyp, bilýard oýnuna beden synalaryny berkidýän, gözüň görüjiligini ýiteldýän, mergenligini artdyrýan sport diýmäge-de doly esas bar. Şeýle hem bilýard sporty ownuk-uşak aladalar sebäpli döreýän, ýürege güýçli täsirini ýetirýän nerw dartgynlylygy aýryp, beýnä rahatlyk berýär. Şeýlelikde, stresiň agramy sebäpli ýüregiň näsaz işlemeginiň öňüni alýar. Öňde bellenen belentliklere batyrgaýlyk bilen hyjuw etmegi öwredýär. Bilýard, aýratyn-da, gan basyşy ýokary bolan näsaglara peýdalydyr, çünki ol synalara ýazylganlyk berip, gan damarlary berkidýär we ganyň aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda bilýardyň muşdaklarynyň sany gün-günden köpelýär. Diýarymyzda bilýard sportunyň Milli merkeziniň döredilmegi, sportuň bu görnüşi boýunça şäher, welaýat, döwlet derejesinde diýseň çekeleşikli ýaryşlaryň yglan edilmegi we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bilýard sporty boýunça ýurdumyzda ýygyndy topary hem düzüldi. Olaryň halkara derejesinde geçirilen bilýard ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeterlik tejribe toplamagy başarandyklaryny aýtmak ýakymlydyr. Türgenleriň tejribesini artdyrmak maksady bilen, daşary ýurt bilýard merkezlerinde guralýan okuw türgenleşikler-de oňat netijelerini berýär. 2017-nji ýylda gözel paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmenistanly bilýardçylaryň üstünlikli çykyş edendiklerini hem aýtmak gerek.
Şu ýylyň 3-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherçesiniň türgenleşik zalynda ussat bilýardçylar we daşary ýurtly diplomatlardyr Türkmenistanda işleýän dürli düzümleriň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn berýän goldawy üçin çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde Gahryman Arkadagymyza Bilýard sporty federasiýasynyň adyndan ýeke-täk nusgada taýýarlanylan bilýard taýajygy sowgat berildi.
Hormatly Prezidentimiz diňe bir şahsy göreldesi bilen däl, eýsem, dana ündewleri we bedenterbiýäni, köpçülikleýin sporty hem-de ýokary netijeler sportuny ösdürmek üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen syýasaty bilen türkmenistanlylary, aýratyn hem, ýaşlary sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine çagyrýar. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdynlygy üçin yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

Täzelikler, Arslanalayew tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir