Türkiýede koronawirus ýaýrawy birdenkä ýokarlandy
Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy Fahrettin Koja Twitterde Russiýa bilen serhetler açylandan soň, Türkiýäniň şypahanalarynda kesel sany birden ýokarlandy diýip ýazdy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

“Biz kesel sanynyň düýpli ýokarlanýandygyny uzak wagtyň içinde birinji gezek görýäris. Biz baýramçylyklar we dynç alyş wagty bu gatnaşyklaryň agyr täsirleriniň öňüni almaly. Çäreleri arkalaşyp kabul etmek bu biziň borjumyz” – diýip, ol belleýär.

Ministr Türkiýäniň ýokanjyň ýaýrawyna ýol bermezlik üçin ähli tagallalary etjekdigini sözüniň üstüne goşýar.
Öň, ministr adamlaryň “dynç alynýan ýerlerde we Gurban baýramynyň bellenilýän wagtynda epidemiologik şertleri ýeterlik derejede nazara almandyklaryny” belledi. Onuň aýtmagyna görä, hökümet käbir türk welaýatlarynda bellige alnan kesel sanynyň barha ýokarlanmagynyň tutuş ýurdy gurşap almagyndan howatyrlanýar.
Koronawirus birinji gezek Türkiýede 10-njy martda ýüze çykaryldy. Ýurtda kesellänleriň umumy sany häzirki wagta çenli 234 müňden geçdi, 5 765 adam ýogaldy, 218 491 adam sagaldy.
Russiýa awgustyň başyndan Beýik Britaniýa, Türkiýe we Tanzaniýa bilen awiagatnaşygyny dikeltdi. 10-njy awgusta çenli uçarlar Russiýadan diňe Stambula we Ankara uçar. Soň Antaliýa, Bodruma we Dalamana gatnawlar başlanar. 15-nji awgustdan Şweýsariýa bilen yzygiderli awiagatnaşyk dikeldiler.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir