Taýson Roý Jonsy nokaut bilen ýeňmek isleýändigini mälim etdi
Karýerasyna täzeden başlan tanymal boksçy Maýk Taýson Roý Jons bilen boljak söweşi barada aýtdy.

Sekiz döwden ybarat boljak söweş 12-nji sentýabrda geçiriler.

“Öňki şöhratymy dikeltmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Söweşi nokaut bilen tamamlamaga mümkinçilik bolsa - men hemişe şonuň gözleginde. Biziň ikimiz hem professinal. Biz nädip saklanmalydygyny bilýäris, ýöne her zat bolup biler. Adamlara yza bermek - meniň edip ýören zadym" - diýip, TMZ Taýsonyň sözlerini getirýär.

Bu barada Rambler habar berýär.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir